Oňurga beýniniň ingisi çagalarda duş gelýän agyr, bejergisi kyn we çylşyrymly bolan doga kemislikleriniň biri bolup, ol merkezi nerw ulgamynyň doga kemislikleriniň 65%-ni tutýar. Bu doga kemislik 50-80% ýagdaýda gidrosefaliýa bilen bilelikde utgaşyp gelýär, likwor geçiriji ýollary açylmadyk ýagdaýda gidrosefaliýanyň derejesi has artyp, çaganyň nerw-psihiki, fiziki ösüşini peseldýär we maýyplyga eltýär [1, 2].
Dogabitdi oňurga beýniniň ingisiniň (DOBI) ýeke-täk bejergisi operatiw usul bolup durýar. Operatiw bejergi çagalaryň ýaşyna, inginiň ýerleşişine, oňurga sütüniniň kemisliginiň ölçegine hem-de gidrosefaliýanyň derejesine baglylykda amala aşyrylýar. Çaganyň ilkinji günlerinde operatiw bejergi geçirilmese, inginiň derisiniň infisirlenmesi, inginiň ulalmagy, ýarylmagy, newrologiki bozulmalaryň we gidrosefaliýanyň derejesiniň artmagy ýaly gaýra üzülmeler ýüze çykýar [3, 4].