Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak we halkymyza elýeter bolmagyny gazanmak, ilata berilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda has-da ösdürmek, raýatlara, şol sanda enelere we çagalara berilýän saglygy goraýyş hyzmatlaryny has-da kämilleşdirmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanyp, kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny döretmek ugrunda ýurdumyzda bimöçber tagallar edilýär. Ilatyň arasynda sagdyn durmuş endikleriniň esasyny düzýän, köpsanly keselleriň öňüni almaga ýardam edýän dogry iýmitlenmegiň, zähmet bilen dynç alşy kadaly utgaşdyrmagyň, hereketli bolmagyň, bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmagyň saglyga peýdasy barada lukmanlar tarapyndan elmydama wagyz-nesihat işleriniň geçirilmegi ilatyň saglyk babatda sowatlylygynyň derejesiniň ýokarlanmagyna alyp barýar.
Ilatyň saglyk babatda sowatlylygynyň (SBS) derejesi adamlaryň durmuş endiklerine we saglygyna, ýaşaýşynyň hiline, adamlaryň saglygy goraýyş hyzmatlaryndan rejeli peýdalanmagyna, saglyk ýagdaýynyň görkezijilerine we hassahana düşmek derejesine kesgitli derejede täsir edýär [1].