Çagalaryň daş taraplaýyn göz çaşylygynda gözüň yzky bölüminiň patologiýasynyň ýüze çykarylmagynyň netijeli usullary

10 Dekabr 2022
1064

Göz çaşylygy bolan näsaglaryň arasynda daş taraplaýyn göz çaşylygy bilen ejir çekýänleriň umumy sany E.S. Awetisowyň maglumatlaryna görä 10,1% tutýar, R.P. Pozdnýakowyň maglumatlaryna görä 22%, P.Molnaryň maglumatlary boýunça 25%-e barabardyr [1, 3, 4]. Oftalmologlaryň köpüsi daş taraplaýyn göz çaşylygynyň ilkinji alamatlarynyň çaga 6 ýaşyna ýetmänkä döreýändigini belleýärler [8, 10]. Miopiki refraksiýasy bilen utgaşýan daş taraplaýyn göz çaşylygynda çaşarýan gözüň görüş ýitiligi peselýär, ambliopiýa döreýär we binokulýar görüşiň bozulmalary ýüze çykýar [3, 4, 6].

Optiki kogerent tomografiýanyň (OKT) lukmançylyk tejribesine ornaşdyrylmagy bilen gözüň düýbüniň gurluş agzalarynyň kliniki taýdan seljerilmegi üçin täze ýollar açyldy. OKT usuly refraksion ambliopiýa degişli torly perdäniň funksional bozulmalaryny gözüň yzky böleginiň ultrastruktur organiki üýtgeşmelerinden aýdyň tapawutlandyrmaga mümkinçilik döretdi [2, 5, 7].

Aýgözel GUDRATULLAÝEWA
Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi
Beýleki habarlar