Döwlet ähmiýetli beýik işler

9 Fewral 2023
848

Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeleriň esasynda adamy döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edýän eziz Diýarymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Uly ruhubelentlik bilen gadam basan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly hem taryhy wakalara, il-ýurt bähbitli möhüm özgertmelere beslenýär. Bu şanly ýylyň eýýäm ilkinji aýynda bolup geçýän ajaýyp wakalar türkmen taryhynyň täze sahypasyna altyn harplar bilen ýazylar.

Merdana ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine daýanyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek, ata-babalarymyzyň il-ýurt bähbitli wajyp wezipeleri, möhüm meseleleri halk bilen geňeşip, ýaşululara sala salmak ýaly asylly ýol-ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe-de mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahaty hem munuň aýdyň mysalydyr.

Beýleki habarlar