Ýumşak dokumanyň sarkomasy (ÝuDS) howply çişleriň içinde seýrek duş gelýän görnüşi bolmak bilen, mezenhimial howply çişleriň birnäçe morfologiki görnüslerini öz içine alýar. BSGG-niň klassifikasiýasy boýunça ÝuDS-nyň 50-den gowrak morfologiki görnüşleri kesgitlendi we şoňa görä olaryň bejeriliş taktikasy üýtgeýär [2-4]. Bu kesel erkek adamlarda we zenanlarda deň derejede ýüze çykyp, 20-40 ýaş aralygynda ýygy duş gelýär. Näsaglaryň 50%-de kesel ahyrlarynda, 40%-de göwresiniň başga bölümleriniň ýumşak dokumalarynda ýüze çykýar [1, 2, 6, 7].
ÝuDS kliniki akymy ýokary geterogenligi, oňaýsyz netijesi we bejerginiň aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Alymlaryň pikirine görä, ÝuDS-nyň 42% mezenhimial, 32% ektodermal, 22% mezodermal, 4% endodermal dokumalardan durýar, galanlary näbelli gistogenezli bolýandygyny belleýärler [6, 7]. ÝuDS häzirki zaman onkologiýanyň az öwrenilen howply täze döremeler (HTD) topary hasaplanýar. Obýektiw barlagda bu çişler ele bildirýän hem bolsa, keseli anyklamakda we bejermekde köp ýalňyşlyklar goýberilýär [3, 6, 7]. ÝuDS-nyň irki anyklanylyşy şu günki gün amaly onkologiýada çylşyrymly meseleleriň biri bolup durýar. Çiş ilkibada ýumşak dokumalarda hiç hili alamatsyz ösýär, şonuň üçin näsaglar çişe üns bermän, soňra özbaşdak berjergi alýarlar. Näsaglaryň lukmana ýüz tutmaga mejbur edýän zatlaryň biri çişiň ulalyp, dokumalaryň deformasiýasyna getirmegi, golaýyndaky bognuň hereketiniň bozulmagy we agyrynyň peýda bolmagydyr.