Çagalarda miopiýa keseliniň häzirki zaman anyklanyşy

14 Aprel 2021
1724

Miopiýa keseli kliniki görnüşiniň dürlüligi, biomehaniki, gan damar we madda çalşyk sebäpleri öz içine alýan patogeneziniň çylşyrymlylygy, irki anyklaýşyň we bejerginiň kynçylygy we keseliň lukmançylyk we jemgyýetçilik ähmiýetliligi bilen häsiýetlendirilýär [1-3]. Çagalarda miopiýanyň ösüşini öz wagtynda ýüze çykarmak mümkinçiligi, esasan, häsiýetli kliniki alamatlar ýüze çykmazdan ozal, gözüň düýbüniň entek kliniki ýüze çykmadyk üýtgemelerini ir wagtda anyklamagyň mümkinçilikleriniň çäkliligi bilen baglanyşyklydyr [4, 5]. Optiki kogerent tomografiýanyň (OKT) ulanylmagy lukmançylyk tejribesinde birinji sapar gözüň torly we gan damar gatlaklarynyň takyk, hil we mukdar taýdan baha bermäge mümkinçilik berýär, miopiýa keselinde gözüň düýbüniň dürli gatlaklaryny in vivo morfometriki barlagy geçirmäge uly ýardam berýär [4]. Häzirki wagtda bu ugurdaky lukmançylyk ylmy işler uly ýaşly näsaglarda geçirildi hem-de bu işler ulgamlaýyn häsýete eýe bolman, bir kada getirilmedikdir [3].

Işiň maksady – çagalarda miopiýa keseliniň ösüşiniň morfometrik anyklaýyş alamatlaryny gözüň düýbüniň optiki kogerent tomografiýa usuly arkaly ýüze çykarmak.

Gurban KARANOW, Güljemal EZIZOWA, Suraý ABDYÝEWA, Jahan DÖWLETOWA, Şöhrat ANNADOW
M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň göz keselleri kafedrasy, Göz keselleri ylmy-kliniki merkezi
Beýleki habarlar