Saglyk mekdeplerinde okuwlary guramagyň usulyýet jähtleri

14 Iýun 2021
1508

Ilatyň saglygyna oňaýsyz täsir edýän sebäpleriň aglaba böleginiň durmuş derejesiniň peselmegi (oňaýsyz sosial-durmuş derejesi, zähmet, dynç alyş şertleriniň ýaramazlaşmagy, daşky gurşawyň ýagdaýy, iýmitiň hili we düzümi), adatdan daşary stress dartgynlylygy, şol sanda gigiýena – arassaçylyk şertleriniň umumy derejesiniň peselmegi bilen bagly bolup, zyýanly endikleriň we ýaramaz durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlanmagyna ýardam edýär [2, 3].

Adamyň saglygynyň 50%-i durmuş ýörelgesi, ýagny onuň özüni alyp barşy we öz şahsy saglygyna we töweregindäkileriň saglygyna garaýşy bilen kesgitlenýändigi nazara alnanda, saglygy goraýşyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde adamlarda sagdyn durmuş ýörelgesine bolan endikleriň kemala getirilmegi hem-de arassaçylyk-gigiýenik medeniýetiň derejesiniň ýokarlandyrylmagy bolup durýar [3, 4].

Muhammet ERGEŞOW
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Beýleki habarlar