Plasentanyň öňde ýerleşmegi we bitişip ösmegi ýagdaýynda agzasaklaýjy operasiýalar

15 Aprel 2021
1799

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ynsan saglygyny goramak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolmak bilen, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak esasy orny tutýar. Eneleriň saglygyny goramakda wajyp meseleleriň biri hem akuşer gan akmalaryň öňüni almak bolup durýar.

Akuşer gan akmalarynyň meseleleri irki döwürlerden bäri lukmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Bular baradaky ilkinji maglumatlar orta asyrlar döwründen bäri öwrenilip gelinýär. Lukmançylyk ylmynyň, aýratyn hem akuşerçilik ylmynyň ösýänligine garamazdan, ene ölümçiligi häzirki döwürde amaly akuşerçilikde iň wajyp meseleleriň biri bolup galýar. Ene ölümçiliginiň gurluşynda akuşer gan akmalary öňdebaryjy orunlaryň birini eýeläp, 20-25% ýagdaýlarda olaryň esasy sebäbi, utgaşyp gelýän sebäp hökmünde 42% -de, fon sebäp hökmünde 78% -de bolup durýar [1, 2].

Aýbölek ANNAMYRADOWA
Ahal welaýat enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi
Beýleki habarlar