HABARLAR

Taryhymyzyň şamçyragy

Müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeni mirasymyz halkymyzyň aýawly saklap, nesilden-nesile geçirip gelýän gaýtalanmajak maddy we ruhy gymmatlyklarynyň bitewi ulgamydyr. Bu gymmatlyklaryň birnäçesi dünýä mirasynyň genji-hazynasy hökmünde ykrar edildi. Türkmen halky ähli döwürlerde hem kitap okamagy, bilim, ylym öwrenmegi eşretli ýaşaýşyň, halal durmuşyň we ýagty geljegiň esasy hasaplapdyr. Kitap okamak özüňi tapmak, dünýä düşünmek, pikirlenişiňi ösdürmek, daşky gurşawa garaýşyňy giňeltmek, ruhuňy belent tutmak ýaly peýdaly taraplary bilen ähmiýetlidir.

Döwrebap özgertmeler rowaçlanýar

Häzirki ajaýyp döwrümizde bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş ugurly döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzda milli bilim ulgamyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylym-bilim we täze tehnologiýalar esasynda ösüş ýoly bilen öňe barýar. Ýurdumyzda ylym-bilimiň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagy durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp şertine öwrülýär, ähli ulgamlarda sanly tehnologiýalar işjeň ulanylýar, kuwwatly, ýokary derejede ösen, bäsdeşlige ukyply, ylmy esasly önümçilikler ýola goýulýar. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi bu ugurda işlemek üçin hukuk binýadyny döretdi. Onuň aýry-aýry maddalarynda bilimiň ähli derejelerinde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň möhüm meselelerine orun berilýär. Bilim öwretmegiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bilimiň ähli basgançaklarynda ýokary hilli elektron maglumatlar bilen üpjün etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli bilim edaralary döwrebap kompýu

Sanly ulgama esaslanyp

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy kämil tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ojaklaryna sanly ulgamy, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Innowasion ýol bilen ösüşi şertlendirýän sanly ulgam döwrebap mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna, şeýle hem bilim beriş işiniň netijeliligini, tizligini we aýdyňlygyny üpjün etmäge aýratyn täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Esasan hem ýaş nesliň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerini gazanmakda, olaryň ösen tehnologiýalara bolan düşünjelerini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda, onuň abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hü

Nesil terbiýesinde egsilmez hazyna

Taryh sapagynda täsirli usullar

Bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Şunda okatmagyň hilini has-da kämilleşdirmek, döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Taryh sapagy geçilende hem döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanylýar. Multimedia tagtasynda ýurdumyzyň taryhy ýerleriniň suratlarynyň, gadymy şäherleriň atlarynyň ýerleşdirilmegi okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýar. Innowasion usul mugallymyň döredijilikli işlemegine, ýagny sapakda ulanjak kartalaryny, çyzgylaryny, suratlaryny aýratynlykda taýýarlap, olardan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýyllaryň dowamynda toplanan materiallary täzeläp, kämilleşdirip hem bolar. Çünki multimedia tagtasy üçin taýýarlanan slaýdlar, ýazgylar elektron görnüşde saklanyp galýar. Netijede, olardan her sapakda peýdalanmak mümkinçiligi döreýär. Ýörite programma ulgamy arkaly slaýdlary aýawly saklap we olardan islendik wagtda peýdalanyp bolýar.

Synp sagatlarynda guramaçylyk işleri

Mekdebiň ýokary synp okuwçylarynyň öňünde orta mekdebi tamamlap, täze durmuşa ugrukmak meselesi durýar. Şunda ýaşlara maslahat berip, dogry ýola gönükdirmekde mugallymlara uly orun degişlidir. Synp sagatlarymda okuwçylarym bilen temalar boýunça sapagy täsirli guramaga çalyşýaryn. Munuň üçin sapagyň temasyny has täsirli guramak usullaryna aýratyn üns berýärin. Synpyň okuwçylaryny toparlara bölýärin. Temalar esasynda her tema boýunça bir toparyň taýýarlanmagyny, beýleki toparlaryň bolsa soraglar bilen çykyş etmeklerini guraýaryn. Öz okadýan synpymda «Perzendiň öňündäki borçlar» diýen tema boýunça gyzykly synp sapagyny guradym. Ilki bilen, multimedia tagtasyna okuwçylaryň ünsüni çekdim. Tagtada parasatly sözleri mysal getirdim, ýagny: «Borç — ata-enäniň, Watanyň öňündäki perzentlik borjy. Borjuna düşünenler tiz maksada ýetýär. Ýaş nesliň borjy bagtly ýaşamakdan — ata-enäniň arzuwyny amala aşyrmakdan, özüň barada alada edýän eziz ynsanlaryň ynamyny ödemekden ybarat» diýen jümleleri okap berýärin. Toparlar boýunça okalan jümläniň manysyna düşündiriş berýäris. Soňra sapak boýunça çykyş etmeli toparyň taýýarlan slaýd şekillerine we gysgajyk edebi sahnasyna tomaşa edýäris.

Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

Çagalarda dilleri bilmäge höwes döretmek Bilim ulgamynyň çalt ösýän döwründe mekdep okuwçylarymyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri ilkinji zerurlyklaryň biridir. Guraýan sapaklarymyzyň üsti bilen olarda dil öwrenmäge bolan höweslerini has hem artdyrmak gerek. Şonuň üçin her bir guraýan sapagymyň täsirliligine, okuwçylarymyzyň sapaga işjeň gatnaşmaklaryna aýratyn üns berýärin. Iňlis dili boýunça okuwçylaryň diňläp öwrenmek endikleriniň kämilleşmegine mümkinçilikleri döredýärin. Multimedia tagtasynda, kompýuterlerde ses ýazgylaryny taýýarlaýaryn.

Kämil bilim — geljege şamçyrag

Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaş nesillerimiziň milli terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary taýýarlamak hem-de terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle hem ýaşlaryň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, gowy okamagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Kämil bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi bolsa, häzirki bilim ulgamynyň berk binýadydyr. Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ýeňillikleri döredýär. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýandygyny bellemelidiris. Şonuň netijesinde hem kämil bilim bermegiň berk esaslary döredilýär we geljekde ýokary bilim almaga ymtylýan ýaşlarda berk bilim binýady kemala getirilýär. Ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde umumadamzat gymmatlyklaryny we dünýäniň öse

Halypadan öwrenen ussat

Maňa onuň bilen bir ýerde bile işleşmek nesip etmedi, ýöne dabaralarda, jemgyýetçilik guramalarynyň ýygnanyşyklarynda ussat mugallym Rejep Käbäýewi daşyndan synlamak, onuň bilen söhbetdeş bolmak telim sapar miýesser bolupdy. Özüni juda ýönekeý alyp barýan, az gepläp, köp diňleýän, zerur bolsa, köpçüligi agzyna bakdyryp bilýän bu adamyň ykbaly bilen gyzyklanmagy makul bilip kän gezdim. Mahal-mahal uly märekelerde ýaşululara Magtymguly Pyragydan aýdyp beren pähimlerine il sylagly gojalarymyzyň juda hoşal bolmagy onuň pähim-paýhasdan ýüküniň ýetikdigine kepil geçýärdi. Elbetde, ýaş-u-garra göreldesi ýeterlik, işine jür, hatly-sowatly ynsanlaryň il arasynda mertebesi belent bolýar. Wagt tapyp, durmuş tejribesi ýetik gojalaryň birnäçesi bilen gürleşip, onuň durmuş ýoly bilen gyzyklandym.

Watanymyzyň röwşen geljegi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler kämil bilimli, zehinli, watansöýüji nesli kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Bu babatdaky tagallalardan ruhlanan çagalar baglarynyň terbiýeçi-mugallymlary ýaş nesle milli ruhda bilim-terbiýe bermekde we olaryň tebigy zehinleridir ukyplaryny ösdürmekde yhlasyny gaýgyrman döredijilikli zähmet çekýärler. Biziň çagalar bagymyzyň agzybir işgärleri hem körpeleri üns-alada bilen gurşaýarlar. Olar körpeler bilen geçirilýän çäreleriň netijeliligini gazanmaga aýratyn ähmiýet berýärler. Sapaklardan daşary çagalara, esasan-da, milli oýunlarymyz oýnadylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynda mynasyp orun alan milli oýunlarymyzyň her biriniň özüne mahsus terbiýeçilik ähmiýeti bar. Olar çaganyň beden we ruhy taýdan sagdynlygy, çuňňur pikirlenmegi, netije çykarmak endiklerini, ugurtapyjylygyny hem-de çeýeligini ösdürýär. Oýunlaryň çagalaryň arasynda dost-doganlyk, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetleri ösdürmekde uly orny bar.