Bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Şunda okatmagyň hilini has-da kämilleşdirmek, döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanmak esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Taryh sapagy geçilende hem döwrebap mümkinçiliklerden peýdalanylýar. Multimedia tagtasynda ýurdumyzyň taryhy ýerleriniň suratlarynyň, gadymy şäherleriň atlarynyň ýerleşdirilmegi okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýar.
Innowasion usul mugallymyň döredijilikli işlemegine, ýagny sapakda ulanjak kartalaryny, çyzgylaryny, suratlaryny aýratynlykda taýýarlap, olardan ýerlikli peýdalanmaga mümkinçilik berýär. Ýyllaryň dowamynda toplanan materiallary täzeläp, kämilleşdirip hem bolar. Çünki multimedia tagtasy üçin taýýarlanan slaýdlar, ýazgylar elektron görnüşde saklanyp galýar. Netijede, olardan her sapakda peýdalanmak mümkinçiligi döreýär. Ýörite programma ulgamy arkaly slaýdlary aýawly saklap we olardan islendik wagtda peýdalanyp bolýar.