Hormatly Prezidentimiz ýurduň ygtybarly daýanjy hem guwanjy bolan ýaş nesillerimiziň milli terbiýe, döwrebap bilim almagyna aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda giň gözýetimli, ahlak taýdan arassa we ynsanperwer ýaşlary taýýarlamak hem-de terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Şeýle hem ýaşlaryň eşretli durmuşda ýaşamagy, sagdyn ösmegi, gowy okamagy, kämil hünärmenler bolup ýetişmegi üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Kämil bilimli ýaşlaryň kemala gelmegi bolsa, häzirki bilim ulgamynyň berk binýadydyr.
Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik edaralarynyň döwrebap kompýuterler, multimedia enjamlary bilen enjamlaşdyrylmagy okatmakda hem, sapaklary guramakda hem ýeňillikleri döredýär. Ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ähli umumybilim berýän orta mekdepleriň, başlangyç hünär we ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň doly derejede döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylýandygyny bellemelidiris. Şonuň netijesinde hem kämil bilim bermegiň berk esaslary döredilýär we geljekde ýokary bilim almaga ymtylýan ýaşlarda berk bilim binýady kemala getirilýär. Ýaşlaryň döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmagy möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Häzirki döwürde umumadamzat gymmatlyklaryny we dünýäniň ösen döwletleriniň tejribesini öwrenmek, şeýle hem halkymyzyň medeni, milli-ruhy ýörelgelerini, däp-dessurlaryny sazlaşykly peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň bilim ulgamy mundan buýana-da döwrebaplaşdyrylýar. Bu ulgamda düýpli özgertmeleri amala aşyrmagy çuňlaşdyrmagyň we belent sepgitlere ýetirmegiň ýolundaky maksatnamalaýyn wezipeleri çözmek ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu mümkinçilikler bilim ulgamyny kämilleşdirmekde we ýaşlara berilýän bilimiň hil derejesiniň dünýä ülňülerine kybapdaş bolmagynda özüniň ýokary netijesini berýär. Şunda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde guralýan medeni-köpçülik çäreleriniň, göreldeli sapaklaryň ähmiýeti uludyr. Golaýda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen