Sanly ulgam — özgerişleriň özeni

20 Noýabr 2024
279

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrundaky tutumly başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowamat dowam tapýandygy bizi gurmagyň we döretmegiň ýolunda täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan kesgitlenen, sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze mümkinçilikleri kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde ösýän bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak syýasaty işjeň amala aşyrylýar. Ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdeplerinde, ýurdumyzyň beýleki ugurdaş düzümlerinde düýpli we amaly ylmy-barlaglaryň geçirilmegi, olaryň geriminiň giňeldilmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ykdysadyýetiň işjeň ösüşini gazanmak, hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak esasy şert bolup, ol ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Amala aşyrylýan maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilip, ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny ykdysadyýetde netijeli ulanmak, jemgyýetçiligiň intellektual kuwwatyny artdyrmak babatda alnyp barylýan beýik işleriň ähmiýeti has-da ýokarlanýar. Sanly aragatnaşyk, emeli aň, robotlaşdyrmak — häzirki wagtda bularyň ählisi biziň gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Internetiň ösmegi hem-de smartfonlaryň mümkinçilikleriniň giňelmegi bilen baglylykda, mobil goşundylar möhüm ähmiýete eýe bolýar. Olary ulanyjylar her gün özleriniň hasabyny barlamak, ýerine ýetirilen amallary gözden geçirmek, geçirimleri, hyzmatlaryň töleglerini amala aşyrmak üçin ençeme gezek ulgama girýärler. Bu bolsa sanly ulgamyň gündelik durmuşymyza işjeň ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.