Ylym-bilim bilen belentliklere

20 Noýabr 2024
228

Haýsy ýurtda ylym-bilim ulgamynyň aýdyň geljegi barada irginsiz aladalar edilýän bolsa, diýmek, şol ýurduň ertirki güni has-da bagtyýardyr, eşretlidir. Sözüň güýjüne ser salyp otursaň, «ylym», «bilim», «okamak», «öwrenmek»... sözleriniň ählisinde-de aýdyňlyk, giňlik, çäksizlik bar. Diýmek, binýady halallyga, lebiz päklige eýlenen halkymyzyň şu güni we geljegi berkarardyr, aýdyňdyr, ýagtydyr.

Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hem ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda möhüm pikir-garaýyşlar beýan edildi. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça geljekde uly wezipeleriň öňümizde durýandygyny nygtap, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hem-de umumybilim berýän orta mekdepleriň sanyny artdyrmagy, mümkinçiligi çäkli çagalar bilen alnyp barylýan işleri kämilleşdirmegi, olar bilen işleýän pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak baradaky aýdanlary has-da buýsandyryjy. Ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmegi, ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmagy, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmegi hem-de ylmy taýdan beýan etmegi, Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-barlag merkezini döretmegi teklip bermegi hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň mejlisiň dowamynda «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» degişli Permana gol çekmegi ylym-bilim ulgamynda ýakyn geljekde amala aşyrylmaly işleri kesgitläp berdi.

Aýjahan BABAÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň müdiri.