Bilim işgärleriniň iş tejribesinden

24 Noýabr 2024
387

Çagalarda dilleri bilmäge höwes döretmek

Bilim ulgamynyň çalt ösýän döwründe mekdep okuwçylarymyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmekleri ilkinji zerurlyklaryň biridir. Guraýan sapaklarymyzyň üsti bilen olarda dil öwrenmäge bolan höweslerini has hem artdyrmak gerek. Şonuň üçin her bir guraýan sapagymyň täsirliligine, okuwçylarymyzyň sapaga işjeň gatnaşmaklaryna aýratyn üns berýärin. Iňlis dili boýunça okuwçylaryň diňläp öwrenmek endikleriniň kämilleşmegine mümkinçilikleri döredýärin. Multimedia tagtasynda, kompýuterlerde ses ýazgylaryny taýýarlaýaryn.