Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesillerimiz üçin dünýäniň iň ösen talaplaryna laýyk gelýän milli bilim ulgamyny kemala getirmek, okatmagyň täze, häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Saz elmydama şahsyýeti ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Hor aýdymyny aýtmak, diňe çagalaryň saz ukyplaryny ösdürmän, eýsem, duýgularyna, jemgyýetçilik we ylmy taýdan ösüşine hem netijeli täsir edýär. Mekdepde hor aýdymy sapaklary okuwçylaryň saz älemi bilen tanyşmaklarynda aýratyn möhümdir. Çagalar hor aýdymyna gatnaşanda, saz nazaryýetiniň esaslaryny, ritmi, sazlaşygy öwrenýärler, eşidiş we ses ukyplaryny ösdürýärler. Bu bolsa olara saza has çuňňur düşünmäge we ýokary derejede ýerine ýetirmäge ýardam edýär.
Horda aýdym aýdylmagy çagalaryň sesleri bilen yzygiderli işleşmegini talap edýär. Olar dem alyşlaryna gözegçilik etmegi, dogry äheň bermegi we sesiň işjeň häsiýetleri bilen tanyşmagy öwrenýärler. Mugallymyň ýolbaşçylygynda çagalar ses tehnikalaryny özleşdirýärler, bu bolsa olaryň sesleriniň hilini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Hor aýdymynyň esasy taraplarynyň biri hem diňlemek ukybydyr. Çagalar diňe öz seslerini däl-de, horuň beýleki agzalarynyň seslerini hem diňlemegi öwrenýärler. Bu olaryň saza düşünip, eşidişini ösdürýär we toparlaýyn işde sazlaşykly bolmak ukybyny kemala getirýär. Horda her bir agza umumy saz ýaňyna goşant goşmaly, bu bolsa sazda has çylşyrymly, sazlaşykly iş bolup durýar.