Sanly ulgama esaslanyp

24 Noýabr 2024
377

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy kämil tehnologiýalaryň esasynda ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ojaklaryna sanly ulgamy, täze, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, aragatnaşyk, şol sanda sanly hyzmatlary köpeltmek, olaryň hilini ýokarlandyrmak, howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Innowasion ýol bilen ösüşi şertlendirýän sanly ulgam döwrebap mümkinçilikleri döredýär. Munuň özi köpugurly özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna, iri möçberli maksatnamalaryň işlenip taýýarlanmagyna, şeýle hem bilim beriş işiniň netijeliligini, tizligini we aýdyňlygyny üpjün etmäge aýratyn täsirini ýetirýär.

Bilim ulgamyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek, ösdürmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunda bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly üns berilýär. Esasan hem ýaş nesliň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerini gazanmakda, olaryň ösen tehnologiýalara bolan düşünjelerini ösdürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda, onuň abraý-mertebesini ýokarlandyrmakda, beden taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde hünärmenleri taýýarlap ýetişdirmäge uly ähmiýet berilýär. Ylym-bilimiň ýokary tizlik bilen ösýän asyrynda ýaşlaryň dünýä ylmyndan habarly bolmagyny gazanmak, öz hünärine ökde hünärmenleri taýýarlamak bu ulgamda zähmet çekýän bilim işgärleriniň jana-jan borjuna öwrüldi. Bu ugurda ýurdumyzyň bilim işgärleri hem döredijilikli zähmet çekýärler, ýaşlara bilim öwretmegiň iň döwrebap usullaryny işjeň durmuşa ornaşdyrýarlar.

Döwletmyrat AMANNAZAROW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.