Halkymyz hemişe geljegiň, ertirki günüň aladasy bilen ýaşaýar. Ol bolsa ýaş nesliň sagdyn ösmegini, bilimli, edep-ekramly, başarnykly, watansöýer şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak bilen baglanyşyklydyr. Bu iş arakesmäni bilmeýän, mydama dowam edýän örän jogapkärli işdir. Şonda ata-babalarymyzyň asyrlaryň, heňňamlaryň dowamynda emele gelen terbiýe mekdebiniň gymmaty uludyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu meselä ilkinji derejeli ähmiýet berlip, ol täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmak boýunça edilýän tagallalar hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Bular dogrusynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden taryhy çykyşynda aýratyn durup geçdi we möhüm wezipeleri kesgitledi. Olaryň arasynda geljekde çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň sanyny artdyrmak, ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim-önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek, müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýetimizi, edebiýatymyzy, şöhratly taryhymyzy täze nazaryýet esasynda düýpli öwrenmek hem-de ylmy taýdan beýan etmek ýaly wezipeler hem bar. Hormatly Prezidentimiziň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda bu gymmatly pikirler has-da ösdürildi we geljekde bitirilmeli gaýragoýulmasyz işler jikme-jik beýan edildi. Olar bolsa ähli ulgamlarda ylmyň we tehnikanyň gazananlaryna giňden daýanmagy göz öňünde tutýar.