HABARLAR

Aty sarpalanyň — döwleti zyýat

Halkymyzda bedew ata uly sarpa goýulýar. Türkmen halky geçmişde öz durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmändir. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedewler türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyr. Behişdi bedewler diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýere däldir. Ýyndam, owadan, eýesine wepaly, gaýduwsyz, gyz gylykly, ynsan kimin garaýyşly ahalteke bedewlerini türkmenler wepaly dost hasaplapdyrlar. Halkymyz gyz-gelinleri altyn-kümüş bezegler bilen bezeýşi ýaly, mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini hem şaý-sepler bilen bezäp-besläpdirler. Taryha ser salanyňda uçar ganatly bedewler öz eýesini söweşlerde howp-hatardan gorapdyr. Toý gününde syrdaşy, gamly günde gardaşy bolan bedewler türkmen halkynyň gaýtalanmajak sungatydyr. Halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr, ýurduň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurupdyr. Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen bir gün ogullaryny ýanyna çagyryp: «Ogullarym, nesillere hemişe üç zady — Watany, ata-enäni we bedew atlary aýamagy sargyt ediň!» diýipdir.

Şanly ýylyň syýasy wakasy

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda jemgyýetimizde düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň kanunçylyk ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, şeýle hem halkyň bähbidini göz öňünde tutýan kanunçylyk namalarymyzy kämil derejelere ýetirmek maksady bilen milli Parlamentimizi iki palataly ulgama geçirmek göz öňünde tutuldy. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde, geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde konstitusion özgertmeleriň jemi jemlenildi we “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi. Muňa laýyklykda, bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda Kanuny kabul edildi. Bu Kanun esasynda döwletimiziň kanun çykaryjy häkimiýeti bolan parlament “Milli Geňeş” diýlip atlandyryldy. Milli Geňeşiň ýokarky palatasy Halk Maslahaty, aşaky palata hem Mejlis diýlip atlandyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Milli Geňeş hakynda Kanunynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary, saýlanylmagynyň tertibi, iş tertibi we olara bildirilýän talaplar bellenilen. Halk Maslahatynyň düzümine 56 agza saýlamak göz öňüne tutulýar, olaryň 8-isi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilip, 48 agza

Erkanalygyň baýramy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nesilden-nesle geçip gelýän milli baýramlarymyza aýratyn uly sarpa goýulýar. Olar halkymyzyň bolelin, bagtyýar ýaşaýan döwründe mynasyp dowam etdirilip, döwrebap öwüşginlere eýe bolýar. Her ýyl halkymyz uly dabara bilen Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi belläp geçýär. Türkmen halkynda Nowruz baýramyny bellemek dessury Oguz handan gözbaş alyp gaýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň milli däp-dessurlarymyzy dikeltmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary netijesinde halkymyz Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda oňa ýokary derejeli taýýarlyk görýär. Älem-jahanyň janlanyp, owadan reňklere beslenen günlerinde täze arzuwlaryň, umytlaryň baýramy — Milli bahar baýramy uludan bellenip geçilýär. Bu baýramda toý saçaklary giňden ýazylyp, onda Nowruz tagamlary: türkmen çöregi, petir çörek, gowurdak, köje, mäşewe, palaw, semeni ýaly dürli tagamlar taýýarlanylýar.

Bagtyýar durmuş üçin

Bitarap Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeler uzak möhletleýin we köpugurly bolup, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan aýawly we rejeli peýdalanmak, täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak baradaky işler döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Milli Liderimiziň ekologiýa we daşky gurşawy goramak baradaky dünýä ähmiýetli başlangyçlary we teklipleri halkara jemgyýetçiliginde seslenme tapyp, uly goldawa eýe bolýar. Şuňa laýyklykda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine degişli maksatnamalaýyn çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu işler diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl-de, eýsem, sebitde we halkara derejesinde ekologiýanyň goralmagyna hem-de durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirlendir. Türkmenistanyň uzak möhletli ekologiýa syýasatynyň esasy ýörelgeleri we düzgünleri ýurdumyzyň kanunçylyk resminamalarynda anyk kesgitlenildi.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Zerur tagalla Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen döwrebap kanunlaryň kabul edilmeginde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu derwaýys işiň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň konstitusion gurluşyny kämilleşdirmek bilen sazlaşykly utgaşdyrylýandygy hemmämize äşgär hakykatdyr. Jemgyýetimiziň möhüm ulgamynda amala aşyrylýan tutumly işler milli kanunçylygymyzy döwrebaplaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň üstünliklere beslenmegine giň ýol açýar.

Ýyldyz senenamasy

Ýyldyzlary synlap, olaryň hereket edýän ugry, dogýan we ýaşýan wagtlary hem-de ýyldyz atlarynyň gelip çykyşlary bilen gyzyklanmaýan adam az bolsa gerek. Irki döwürde Türkmenistanyň çäginde çarwalar we daýhanlar, alymlar we bu ugurdan höwesekler Günüň hem-de Aýyň hereketinden başga, planetalara we has ýagty ýyldyzlara gözegçilik edipdirler. Olaryň ýyl içinde dogýan we ýaşýan wagty oba hojalyk işleri bilen sazlaşdyrylypdyr. Ol “Ýyldyz senenamasy” diýlip atlandyrylyp, türkmenlerde ýörgünli hasaplaryň biri bolupdyr.

At — myrat

Gürrüňçilikde haýsydyr bir zada ýokary baha beriljek bolunsa, köplenç, söhbede onuň aslynyň gadymylygyndan başlanýar. Biziň şu günki söhbedimizem edil şonuň ýaly gadymy kesp-kär, hünär barada. Baryp-ha ençeme asyrlardan bäri ynsanlar atlar bilen şeýle bir içgin gatnaşyk saklap gelipdirler welin, at çapmakda, seýislemekde gazanylan tejribeler, bedewler barada rowaýatlardyr hekaýatlar nesilden-nesle, dilden-dile geçip, heňňamlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu günki gün bedewler barada edilýän gürrüňleriň üsti olar hakynda edilýän aladalar baradaky ýürek buýsançlary bilen ýetirilip, ajaýyp döwrümizde has-da täze röwüşde ýaňlanýar. 22-nji martda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, Akhandan bolan at taýyna Aşgabat diýip at goýdy. Taýçanagy idediji, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary Nuraly Rahymowa bolsa milli Liderimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy.

Dalaşgärler bilen duşuşyklar

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýatymyz boýunça bellige alnan dalaşgärleriň welaýat halk maslahatynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklary geçirildi. Welaýat saýlaw topary tarapyndan guralan duşuşyk ýygnaklary işjeňlik ýagdaýynda geçdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler — Sarahs etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiri Döwletgeldi Çaryýew, Tejen etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň müdiri Jepbar Daňatarow, Tejen etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň Durmuş-ykdysady ösüş we maýa goýumlar bölümçesiniň başlygy Rejepguly Esenow, Bäherden etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiri Ogulmaral Hojaýewa, «Jebis Türkmen» hususy kärhanasynyň müdiri Seýdi Jumaýew dagy bilen bolan duşuşyklarda olaryň ynanylan adamlary dalaşgärleriň terjimehaly bilen tanyşdyrdylar.

Sowgatlar gowşuryldy

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň mejlisler jaýynda Milli bahar baýramy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň guramagynda bolan duşuşyga zawodyň hünärmenleri gatnaşdy. Duşuşykda Berkarar Watanymyzyň senagat taýdan has-da kuwwatlanmagy babatdaky durmuşa geçirilýän tutumly işleriň ähmiýeti hakynda söz açylyp, bu ugurda Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň işçi-hünärmenleriniň orny bellenildi hem-de dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu kuwwatly kärhananyň işgärlerine uly üstünlikler arzuw edildi.

Soňky sütün

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen indi birnäçe ýyldan bäri Halkara Nowruz gününiň öňýany köpçülikleýin bag ekmek asylly däbe öwrüldi. Bu däbe eýerip, 20-nji martda ýurdumyzyň ähli ilaty milli Liderimiziň ilkinji nahaly oturdyp, ak pata bermegi bilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşdylar. Şol gün miweli we saýaly nahallaryň ýüzlerçe müň düýbi oturdyldy, öňden bar bolan baglarda bejergi, timarlaýyş işleri geçirildi. Ýeri gelende aýtsak, Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, şu ýyl mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli 30 million düýp agaç nahallary oturdylar. * * *