Sowgatlar gowşuryldy

23 Mart 2021
840

Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň çägindäki Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň mejlisler jaýynda Milli bahar baýramy mynasybetli duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň guramagynda bolan duşuşyga zawodyň hünärmenleri gatnaşdy.

Duşuşykda Berkarar Watanymyzyň senagat taýdan has-da kuwwatlanmagy babatdaky durmuşa geçirilýän tutumly işleriň ähmiýeti hakynda söz açylyp, bu ugurda Ahalyň tebigy gazdan benzin öndürýän zawodynyň işçi-hünärmenleriniň orny bellenildi hem-de dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu kuwwatly kärhananyň işgärlerine uly üstünlikler arzuw edildi.

Ogultäç GURTGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň bölüm müdiri. SURATDA: duşuşykdan pursat.