Aty sarpalanyň — döwleti zyýat

24 Mart 2021
888

Halkymyzda bedew ata uly sarpa goýulýar. Türkmen halky geçmişde öz durmuşyny bedewsiz göz öňüne getirmändir. Kowsa ýetýän, gaçsa gutulýan bedewler türkmeniň uçar ganaty hasaplanypdyr. Behişdi bedewler diýlip atlandyrylmagy hem ýöne ýere däldir. Ýyndam, owadan, eýesine wepaly, gaýduwsyz, gyz gylykly, ynsan kimin garaýyşly ahalteke bedewlerini türkmenler wepaly dost hasaplapdyrlar. Halkymyz gyz-gelinleri altyn-kümüş bezegler bilen bezeýşi ýaly, mukaddeslik derejesine ýetiren bedewlerini hem şaý-sepler bilen bezäp-besläpdirler. Taryha ser salanyňda uçar ganatly bedewler öz eýesini söweşlerde howp-hatardan gorapdyr. Toý gününde syrdaşy, gamly günde gardaşy bolan bedewler türkmen halkynyň gaýtalanmajak sungatydyr. Halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyr, ýurduň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurupdyr.

Nesilbaşymyz Oguz han Türkmen bir gün ogullaryny ýanyna çagyryp: «Ogullarym, nesillere hemişe üç zady — Watany, ata-enäni we bedew atlary aýamagy sargyt ediň!» diýipdir.