Sanly ulgamyň ösüşine giň gerim berilýär

23 Mart 2021
1050

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Wise-premýerler öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijesi we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdiler. Hasabatlaryň çäklerinde ýurdumyzyň welaýatlarynda gowaça hasylynyň düýbüni tutmak hem-de ekiş möwsüminiň bellenen agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen gowaça ekişine başlamaga görülýän taýýarlyk barada habar berildi hem-de ussat daýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň welaýatlarynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň, şeýle-de gowaça ekişine başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegi hormatly Prezidentimizden haýyş edildi.