Şanly ýylyň syýasy wakasy

24 Mart 2021
750

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda jemgyýetimizde düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň kanunçylyk ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmek, şeýle hem halkyň bähbidini göz öňünde tutýan kanunçylyk namalarymyzy kämil derejelere ýetirmek maksady bilen milli Parlamentimizi iki palataly ulgama geçirmek göz öňünde tutuldy. 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylyk etmeginde, geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde konstitusion özgertmeleriň jemi jemlenildi we “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny kabul edildi.

Muňa laýyklykda, bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda Kanuny kabul edildi. Bu Kanun esasynda döwletimiziň kanun çykaryjy häkimiýeti bolan parlament “Milli Geňeş” diýlip atlandyryldy. Milli Geňeşiň ýokarky palatasy Halk Maslahaty, aşaky palata hem Mejlis diýlip atlandyrylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Milli Geňeş hakynda Kanunynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň ygtyýarlyklary, saýlanylmagynyň tertibi, iş tertibi we olara bildirilýän talaplar bellenilen. Halk Maslahatynyň düzümine 56 agza saýlamak göz öňüne tutulýar, olaryň 8-isi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilip, 48 agzasy welaýatlardan we Aşgabat şäherinden saýlanylar. Halk Maslahatynyň agzalaryny hödürlemek hukugy welaýat, etrap, şäher halk maslahatlaryna degişlidir.