Arkadagly Diýarda Nowruz bu gün, ýaz bu gün

23 Mart 2021
955

Milli bahar baýramyna bagyşlanan toý-dabaralar Lebabyň çar künjegini giňden gurşap aldy

Türkmen tebigaty ýylyň ähli paslynda-da örän owadan hem-de özüneçekiji. Ýöne pasyllaryň soltany baharyň gelmegi bilen, ol has-da gözelleşýär, ajaýyp keşbe girýär. Bu günki gün al-elwan güllere, läle-reýhana beslenen dag-düzlerimizi, sähra-çöllerimizi synlanyňda, göwnüň telwaslanýar. Hawa, gaýtalanmajak gözelligi bilen ynsan kalplaryny joşa getirýän hut şu ajap çagda hem her ýyl ýurdumyzda Milli bahar baýramy uludan toýlanylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şu baharynda hem güneşli Diýarymyzyň çar künjeginde bolşy ýaly, gadymy Lebap ilinde-de iki günläp baýramçylyk dabaralary uludan tutuldy.