Täzelikler

23 Mart 2021
960

Çärjew etrabyndaky «Serdar» maldarçylyk hojalygynyň agzybir we başarjaň agzalary mallardan owlak-guzy almak baradaky meýilnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler. Alnan ýaş mallar geljekde sürüleriň üstüni doldurmak üçin ösdürmäge galdyryldy.

Hojalykda ene mallaryň 2,1 müňden gowragy bolup, olardan owlak-guzularyň 1879-syny almak meýilleşdirilipdi. Ussat dowardarlar şu döwre çenli sagdyn ýaş mallaryň 2883-sini alyp, bu baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Olar häzirki günlerde ýaş mallara yhlas bilen ideg edip, olaryň sagdyn ösmegini gazanýarlar.