Dalaşgärler bilen duşuşyklar

23 Mart 2021
922

Änew şäherindäki Medeniýet öýünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda welaýatymyz boýunça bellige alnan dalaşgärleriň welaýat halk maslahatynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklary geçirildi. Welaýat saýlaw topary tarapyndan guralan duşuşyk ýygnaklary işjeňlik ýagdaýynda geçdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärler — Sarahs etrabyndaky 10-njy orta mekdebiň müdiri Döwletgeldi Çaryýew, Tejen etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň müdiri Jepbar Daňatarow, Tejen etrabynyň Maliýe we ykdysadyýet bölüminiň Durmuş-ykdysady ösüş we maýa goýumlar bölümçesiniň başlygy Rejepguly Esenow, Bäherden etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiri Ogulmaral Hojaýewa, «Jebis Türkmen» hususy kärhanasynyň müdiri Seýdi Jumaýew dagy bilen bolan duşuşyklarda olaryň ynanylan adamlary dalaşgärleriň terjimehaly bilen tanyşdyrdylar.

Arslangeldi GYŞYKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň hünärmeni.