At — myrat

24 Mart 2021
753

Gürrüňçilikde haýsydyr bir zada ýokary baha beriljek bolunsa, köplenç, söhbede onuň aslynyň gadymylygyndan başlanýar. Biziň şu günki söhbedimizem edil şonuň ýaly gadymy kesp-kär, hünär barada. Baryp-ha ençeme asyrlardan bäri ynsanlar atlar bilen şeýle bir içgin gatnaşyk saklap gelipdirler welin, at çapmakda, seýislemekde gazanylan tejribeler, bedewler barada rowaýatlardyr hekaýatlar nesilden-nesle, dilden-dile geçip, heňňamlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Bu günki gün bedewler barada edilýän gürrüňleriň üsti olar hakynda edilýän aladalar baradaky ýürek buýsançlary bilen ýetirilip, ajaýyp döwrümizde has-da täze röwüşde ýaňlanýar.

22-nji martda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, Akhandan bolan at taýyna Aşgabat diýip at goýdy. Taýçanagy idediji, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň edarasynyň önümçilik-atçylyk bölüminiň uly atbakary Nuraly Rahymowa bolsa milli Liderimiziň Permany bilen, Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly ady dakyldy.

Allanur ÇARYÝEW.
«Türkmenistan».