"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Taryhy-medeni mirasyň gymmatlyklary

Bilşimiz ýaly, demokratik, hukuk, dünýewi döwletimizde amala aşyrylýan ähli hereketler milli kanunçylyk esasynda düzgünleşdirilýär. Niýetlenilişi we tebigaty boýunça jemgyýetçilik ýa-da adamzat tarapyndan döredilenine 50 we ondan köp ýyl geçen gozgalýan maddy eserler milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary hökmünde kesgitlenilýär. Mundan başga-da, uly medeni gymmata eýe bolan beýleki serişdelere, hususan-da, etniki, arheologik, taryhy, çeperçilik, ylmy, tehniki, dini we gaýry babatdaky serişdelere, şeýle hem türkmen halkynyň durmuşynyň umumy we özboluşly wakalaryny häsiýetlendirýän görnüşlere milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary hökmünde garalýar. Uly medeni gymmata eýe bolan ajaýyp eser döredilenine 50 ýyl bolmadyk bolsa-da, taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygy bolup biler. Bu barada «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda jikme-jik beýan edilendir.

Halal zähmet — baky rehnet

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr. Biz şol hukuklarymyzy we döredilýän şertdir mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döredijilikli we halal zähmet çekmäge ymtylmalydyrys. Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýaty netijesinde döräp, bu günki gün bolsa her bir ynsanyň ýankitabyna öwrülen, ata-babalarymyzyň pähim-paýhasy siňen dürdäne sözlerini özünde jemleýän «Paýhas çeşmesi» atly kitapda «Taňry tämizligi söýer» ýa-da «Eklenjiň yzyndan diňe halallyk ýeter» diýen ýaly nakyllar bar. Diýmek, halal işläp Watanymyzyň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşandymyzy goşmak biziň ynsanlyk borjumyzdyr.

Döredijilik duşuşygy

Edebiýatyň göwher täji Şeýle at bilen Wekilbazar etrap häkimliginiň, TAP-nyň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýokarda ady agzalan edaralaryň, guramalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

Kitap okamak boýunça çäre geçirildi

Durmuşyň bezegi — eziz çagalar Golaýda TMÝG-niň welaýat geňeşi bilen «Arkadagyň bagtyýar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde guramagynda «Durmuşyň bezegi — eziz çagalar» ady bilen kitaby labyzly okamak boýunça çäre geçirildi. Çärä welaýatymyzyň şäherdir etraplaryndan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç almaga gelen dürli ýaşdaky çagalar gatnaşdylar.

Baýramçylyk sergisi guraldy

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet ― halkyň ruhy baýlygy» diýen at bilen sergi guraldy. Sergide ussat suratkeşleriň Merw, Horezm, Dehistan ýaly gadymy ýadygärlikleri wasp edýän eserleri, toýundan ýasalan gap-gaçlar, syrçaly küýzeler, çyraglar ýaly esbaplar sergilenildi. Şeýle hem muzeýiň gaznasynda saklanylýan XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri görkezildi. Gelin-gyzlarymyzyň sünnäläp eden el işleri, haly we haly önümleri, milli gymmatlyklarymyz bolan dutar, gyjak, deprek, tüýdük ýaly saz gurallarymyz sergä tomaşa edenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Balkan welaýatynyň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat berildi

Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, döwrebap awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ulaglaryň garşylanyş dabarasynda milli däp-dessurlarymyz berjaý edildi. Bu ýerde çykyş eden il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, önümçilik birleşiginiň baýry işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.

Hoşniýetliligiň dabaralanmasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Arkadag şäherinde mukaddes Gurban baýramy türkmen halkyna mahsus däp-dessurlar, agzybirlik, jebislik, asyrlar aşyp gelýän milli döwletlilik ýörelgeleri esasynda ruhubelentlik bilen garşylandy. Şanly ýylda Arkadag şäheriniň ähli amatlyklary özünde jemleýän ak mermere bürenen täze öýlerinden täze jaýly bolmak bagty miýesser eden bagtyýar ildeşlerimiz Gurban baýramyny maşgala abadançylygynda öz dogan-garyndaşlarydyr goňşy-golamlary bilen ýagşy arzuw-umytlar, doga-dilegler edip garşyladylar. Ildeşlerimiziň şeýle bagtyýar pursatlaryny görüp, şahyryň «Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, // Göteriler ol ykbaly türkmeniň» diýen setirlerinden häzirki günümizi arzuwlandygyna düşünýärsiň. Hakykatdan-da, bu döwür ata Watanymyzyň, türkmen halkynyň ykbalynyň göterilen, ýolunyň şamçyrag mysaly nur saçýan, şu gününiň we geljeginiň rowaçlanýan, nesilleriň bagtly, erkana önüp ösýän döwrüdir.

Adam. Jemgyýet. Döwlet.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyz ösüşiň ak ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda giň möçberli maksatnamalar, möhüm özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu gün ýurdumyzyň ýeten durmuş-ykdysady sepgitleri, halkara ähmiýetli başlangyçlary dünýäde ykrar edilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi hem öz agzalarynyň zähmet, durmuş-ykdysady hukuklaryny we bähbitlerini aýan etmek, durmuşa geçirmek hem-de goramak üçin edara-kärhanalarda, guramalarda we okuw mekdeplerinde öz işlerini guramaçylykly alyp barýar. Şeýle-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli alyp barýan içeri we daşary syýasatyndan ugur alyp, «Kärdeşler arkalaşyklary, olaryň hukuklary we işiniň kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyndan gelip çykýan wezipeleri halk köpçüligine wagyz etmek, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, ildeşlerimiziň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek maksatly birnäçe çäreleri, ýygnaklary, duşuşyklary yzygiderli we guramaçylykly geçirýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Arkadag şäheriniň birleşmesi tarapyndan zähmeti goramak boýunça kadalaryň we düzgünleriň berjaý edilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmak wezipeleriniň çäginde, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalarda, her bir

Zähmet — mekdep

Ynsany bezeýän zatlaryň biri-de onuň zähmeti we hünäridir. Ýaşaýan obaňyzda, şäheriňizde öz zähmeti bilen uly abraýa, bagta ýeten adamlar, hojalyklar näçe diýseň bardyr. Olar bilen gürrüňdeş bolsaňyz ýa-da iş salyşsaňyz, olaryň özlerini alyp baryşlary, gepi-sözi ýerliklidir. «Halal zähmet adamy terbiýeleýär» diýen söz ýöne ýere däldir. «Zähmet soňy — rehnet», «Işleseň, il tanar» diýlişi ýaly, işleýän adamlaryň sarpasy, mertebesi belent, orny tördedir. Adam zähmete ýaşlykdan werziş bolmaly. Çagalykda öz güýjüniň ýetýän işi bilen meşgullanyp, zähmete uýgunlaşmasa, ulalansoň oňa iş öwretmek, işletmek kyn bolýar. Bu barada Magtymguly Pyragynyň «Ulalanda iş hoş ýakmaz // Ýaşlykdan köýmän ýigide» diýen setirlerinde beýan edilýär.

Abuna — 2024

Hormatly okyjylar! 2024-nji ýylyň ikinji ýarymy üçin «Arkadag» gazetiniň çap edilýän görnüşine abuna ýazylyşyk dowam edýär. «Arkadag» gazetiniň kagyz görnüşine abuna ýazylmak üçin «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň bölümlerine ýüz tutup bilersiňiz.

Raýatlaryň bähbitlerini kepillendirýän kanunçylyk

Ösüşlere beslenýän döwrümizde Türkmenistan Watanymyzda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, kanunçylyk binýadyny özgertmäge we kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär. Ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen birlikde, ýaşaýyş jaý gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalarynyň hem kämilleşdirilýändigini bellemek gerek. Türkmenistanyň Ýaşaýyş  jaý kodeksi munuň aýdyň subutnamasy hökmünde öňe çykyp, ol raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan konstitusion hukugyny amala aşyrmaga we ýaşaýyş jaý bazaryny emele getirmäge hem-de ösdürmäge gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk namasydyr. Ýurdumyzyň raýatlaryny amatly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek we ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligi hem-de kanunda kesgitlenen esaslar bolmasa, olaryň ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmezligi barada Türkmenistanyň Konstitusiýasynda berkidilen hukuklaryny amala aşyrmagy üçin şertleriň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek häzirki wagtda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Halkyň saglygyny goramak ugrunda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäheri bagtyň şäheri hökmünde köňüllere bagtyýarlyk bagyşlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu ýere yzygiderli amala aşyrýan iş saparlarynyň dowamynda ajaýyp şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Bu bolsa geljegiň şäheri bolan Arkadag şäheriniň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berilýändiginiň nyşanydyr. Milli Liderimiz şu ýylyň 8-nji iýunynda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde gurulmagy meýilleşdirilýän lukmançylyk klasterine degişli önümçilik desgalarynda öndüriljek lukmançylyk serişdeleriniň, saglygy goraýyş enjamlarynyň görnüşleri bilen ýakyndan tanyşdy. Bu ýerde ýurdumyzda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleriniň, agyz-burun örtükleriniň we beýlekileriň öndürilýändigi barada habar berildi.

Belent ynama ygrarly bagtyýar ýaşlar

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi milli bilim we terbiýeçilik ulgamynda täze ösüşleriň çelgisi boldy. Kanunda ýaşlarymyz üçin birnäçe ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagy, geljegine umyt baglanýan ýaş nesilleriň ýürek arzuwlarynyň wysalyna öwrüldi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilýän dürli döredijilik bäsleşikleri ýaş zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Dürli ugurlardan oňat baş çykarýan ýaşlaryň bu bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Döwlet hyzmatlary sanly ulgamda

Kämil tehnologiýalaryň we tehnikalaryň barha giň gerim bilen durmuşa ornaşdyrylmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly tehnologiýalaryň çäksiz mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek hem-de ýurduň pudak edaralaryny bu ulgama birikdirmek babatdaky meselä aýratyn ähmiýet bermegi sanly tehnologiýanyň berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugrudygyny alamatlandyrdy.

Asyra ulaşan ömür

Uzak ýaş — bagtly durmuş Eneleriň ömri nusgalyk ýol-ýörelgedir. Olaryň barlygy älem-jahanyň nuranalygy hem-de owadanlygy bilen aýrylmaz baglydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Eneler dünýäniň ebediliginiň ygtybarly kepilidir. Eneler ýaşaýşyň gözbaşydyr we dowamatydyr» diýip belleýşi ýaly, eneler bakylykdyr, dowamatdyr.

Hepdäniň habarlary

Milli ýörelgeler — ýaşlara görelde Golaýda şeýle şygar bilen milli däp-dessurlarymyzy, gymmatly ýörelgelerimizi, maşgala mukaddesligini wagyz etmek, ahlak arassalygyny ündemek maksady bilen, welaýat kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Watan hakyndaky müdimi owaz

Gozgan hem-de Mäne çaýlaryndan suw alan gadymy Abiwerd hakynda söz açylsa, Magtymguly Pyragynyň «San bolsam» şygryndaky şu bent hem ýadyňa düşýär. Şahyryň: Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,Firdöwsi, Nyzamy, Hafyz Perwany,Jelaleddin Rumy, Jamy elnamy,Alarnyň ýanynda men hem san bolsam

Tebigy gazy tygşytly we howpsuz ulanalyň!

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ilat üçin döredilýän durmuş ýeňillikleriň we amatlylyklaryň arasynda tebigy gaz hem bar. Bu amatly ýangyjyň ojaklarymyzda alawlamagy ugrunda gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri yzygiderli alada edýärler. Şonuň bilen birlikde hünärmenlerimiz ilatyň arasynda tebigy gazdan tygşytly we howpsuz peýdalanmak boýunça düşündiriş, wagyz-ündew işlerini hem alyp barýarlar. Biz hem şu asylly maksatlardan ugur alyp, ildeşlerimizi gazdan peýdalanmagyň aşakdaky kadalaryny berjaý etmäge çagyrýarys: — gaz enjamlary bilen işleýän wagtyňyz aşhananyň penjiresiniň gözüni açyp goýmaly;

Nurana ýollar bagta uzaýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitleri gyradeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde awtomobil ýollarynyň gurluşygy we olaryň durkuny abatlaýyş işleri boýunça taslamalar hem-de meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa döwletimiziň ählumumy ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine uly täsirini ýetirýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzda maňa hem ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen geçirilýän Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Ýurdumyzyň ýol gurluşygy ulgamynda innowasion materiallar batly depginlerde ornaşdyrylýar. Bu pudakda öňden gelýän usullar bilen, täze materiallaryň we tehnologiýalaryň usullary sazlaşykly alnyp barylýar.

Ak şäheriň ady bilen...

Merkezi Aziýanyň merjen şäheri diýlip ykrar edilen ak şäherimiz Aşgabat gün-günden gözelleşip, ösüş-özgerişlere beslenýär. Ilat sany ýylsaýyn artýan, owadanlygy bilen haýrana goýýan paýtagtymyz ýurdumyzyň iri administratiw-syýasy, ulag, söwda hem-de ylmy-medeni merkezidir. Ajaýyp binagärlik çözgütleri esasynda, täze desgalaryň, kaşaň ymaratlaryň, şol sanda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagy bilen myhmansöýer paýtagtymyz syýahatçylyk babatda hem barha özüne çekijidir. Biz şu makalamyzda gazetimiziň okyjylaryna gijeleri hem gündizleri deýin ýagty baş şäherimiz bilen adybir desgalardyr binalaryň birnäçesi barada gürrüň bermegi müwessa bildik.