Belent ynama ygrarly bagtyýar ýaşlar

19 Iýun 2024
328

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi milli bilim we terbiýeçilik ulgamynda täze ösüşleriň çelgisi boldy. Kanunda ýaşlarymyz üçin birnäçe ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagy, geljegine umyt baglanýan ýaş nesilleriň ýürek arzuwlarynyň wysalyna öwrüldi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan geçirilýän dürli döredijilik bäsleşikleri ýaş zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. Dürli ugurlardan oňat baş çykarýan ýaşlaryň bu bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Gülşat ŞYHYÝEWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň mugallymy, ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.