Döwlet hyzmatlary sanly ulgamda

19 Iýun 2024
419

Kämil tehnologiýalaryň we tehnikalaryň barha giň gerim bilen durmuşa ornaşdyrylmagy döwrüň möhüm talaplarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda sanly tehnologiýalaryň çäksiz mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 17-nji maýynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamyny döretmek we işe girizmek hem-de ýurduň pudak edaralaryny bu ulgama birikdirmek babatdaky meselä aýratyn ähmiýet bermegi sanly tehnologiýanyň berkarar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm ugrudygyny alamatlandyrdy.

Rahmandurdy GYLYJOW,
Daşoguz şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.