Zähmet — mekdep

19 Iýun 2024
347

Ynsany bezeýän zatlaryň biri-de onuň zähmeti we hünäridir. Ýaşaýan obaňyzda, şäheriňizde öz zähmeti bilen uly abraýa, bagta ýeten adamlar, hojalyklar näçe diýseň bardyr. Olar bilen gürrüňdeş bolsaňyz ýa-da iş salyşsaňyz, olaryň özlerini alyp baryşlary, gepi-sözi ýerliklidir. «Halal zähmet adamy terbiýeleýär» diýen söz ýöne ýere däldir. «Zähmet soňy — rehnet», «Işleseň, il tanar» diýlişi ýaly, işleýän adamlaryň sarpasy, mertebesi belent, orny tördedir.

Adam zähmete ýaşlykdan werziş bolmaly. Çagalykda öz güýjüniň ýetýän işi bilen meşgullanyp, zähmete uýgunlaşmasa, ulalansoň oňa iş öwretmek, işletmek kyn bolýar. Bu barada Magtymguly Pyragynyň «Ulalanda iş hoş ýakmaz // Ýaşlykdan köýmän ýigide» diýen setirlerinde beýan edilýär.

Ene IŞANGULYÝEWA,
Magtymguly etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.