Balkan welaýatynyň ilatyna täze ýolagçy awtobuslarynyň 200-si sowgat berildi

20 Iýun 2024
232

Mukaddes Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky günlerde Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şatlykly wakanyň şaýady boldular. Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, gallaçy daýhanlar bilen duşuşmagy hem-de «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň «Balkanawtoulag» önümçilik birleşigine täze, döwrebap awtoulaglaryň 200-sini sowgat hökmünde gowşurmagy ýatdan çykmajak ajaýyp wakalara öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, döwrebap awtoulaglaryň gelip gowuşmagy mynasybetli Balkanabat şäherindäki awtomenzilde aýdym-sazly dabara geçirildi. Täze ulaglaryň garşylanyş dabarasynda milli däp-dessurlarymyz berjaý edildi. Bu ýerde çykyş eden il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, önümçilik birleşiginiň baýry işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň wekilleri halkymyzyň ýaşaýyşdurmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak babatda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan etdiler.