Nurana ýollar bagta uzaýar

19 Iýun 2024
313

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitleri gyradeň ösdürilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde awtomobil ýollarynyň gurluşygy we olaryň durkuny abatlaýyş işleri boýunça taslamalar hem-de meýilnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa döwletimiziň ählumumy ulag-logistika düzüminiň ösdürilmegine, Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine uly täsirini ýetirýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylymyzda maňa hem ýurdumyzda uly ruhubelentlik bilen geçirilýän Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolup, hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Ýurdumyzyň ýol gurluşygy ulgamynda innowasion materiallar batly depginlerde ornaşdyrylýar. Bu pudakda öňden gelýän usullar bilen, täze materiallaryň we tehnologiýalaryň usullary sazlaşykly alnyp barylýar.

Süleýman DÖWLETOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.