Tebigy gazy tygşytly we howpsuz ulanalyň!

19 Iýun 2024
288

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Ilat üçin döredilýän durmuş ýeňillikleriň we amatlylyklaryň arasynda tebigy gaz hem bar. Bu amatly ýangyjyň ojaklarymyzda alawlamagy ugrunda gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri yzygiderli alada edýärler. Şonuň bilen birlikde hünärmenlerimiz ilatyň arasynda tebigy gazdan tygşytly we howpsuz peýdalanmak boýunça düşündiriş, wagyz-ündew işlerini hem alyp barýarlar. Biz hem şu asylly maksatlardan ugur alyp, ildeşlerimizi gazdan peýdalanmagyň aşakdaky kadalaryny berjaý etmäge çagyrýarys:

— gaz enjamlary bilen işleýän wagtyňyz aşhananyň penjiresiniň gözüni açyp goýmaly;

Ramazan GENJIÝEW,
«Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň bölüm başlygy.