Baýramçylyk sergisi guraldy

20 Iýun 2024
297

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Medeniýet ― halkyň ruhy baýlygy» diýen at bilen sergi guraldy. Sergide ussat suratkeşleriň Merw, Horezm, Dehistan ýaly gadymy ýadygärlikleri wasp edýän eserleri, toýundan ýasalan gap-gaçlar, syrçaly küýzeler, çyraglar ýaly esbaplar sergilenildi.

Şeýle hem muzeýiň gaznasynda saklanylýan XX asyryň başlarynda zergärleriň ýasan şaý-sepleri görkezildi. Gelin-gyzlarymyzyň sünnäläp eden el işleri, haly we haly önümleri, milli gymmatlyklarymyz bolan dutar, gyjak, deprek, tüýdük ýaly saz gurallarymyz sergä tomaşa edenlerde uly gyzyklanma döretdi.

Gülle BAÝGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Türkmenistanyň etnografiýasy ylmy-barlag bölüminiň kiçi ylmy işgäri.