Önümçiligini artdyrýar
«Airbus» kompaniýasynyň wekilleri pandemiýadan soň awiasiýa pudagynyň dikeldilmegine ynam bildirip, howa gämileriniň önümçiligini artdyrmak baradaky meýilnamalaryny mälim etdi. Ýewropa aerokosmos topary dördünji çärýekde A320 seriýasyna degişli laýnerleriniň önümçiligini aýda 45-e çenli giňeltmek boýunça meýilnamalaryny tassyklady. Kompaniýanyň baş direktory Giom Fori, üpjün edijilere bazar şertleri talap edilende zerur islegi kanagatlandyrmak üçin önümçiligiň artmagyna taýýarlanmagy maslahat berdi. – Awiasiýanyň uzakmöhletleýin dikeldiş perspektiwalary sanjym kampaniýalarynyň dünýä ýaýramagy bilen gowulandy. Senagat üçin iň uly kynçylyklaryň biri, üpjünçilik zynjyrlarynyň garaşylýan islegi kanagatlandyrmak üçin önümçiligi artdyrmaga taýýardygyny anyklamakdyr – diýip, Giom Fori belledi.