Döwrebap tapgyr

7 Iýul 2021
1043

Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda telekeçilik ugrunyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi, döwrebap bazar usullarynyň giňden ornaşdyrylmagynyň hasabyna onuň ornunyň giňeldilmegi hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şol maksat bilen döredilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu gün hususyýetçi agzalaryň müňlerçesini özünde birleşdirýän we telekeçilik başlangyçlaryny giňden goldaýan iri jemgyýetçilik guramasyna öwrüldi.

Ýurdumyzda döwlete dahylsyz pudagyň paýyny has-da artdyrmaga, bazar gatnaşyklarynyň gerimini işjeňleşdirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, içerki bazarlarymyzda haryt bolçulygynyň döredilmegine we hyzmatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn we ulgamlaýyn wezipeler durmuşa geçirilýär. Döwlete dahylsyz ulgamy goldamak boýunça yzygiderli geçirilýän işler babatda hereket edýän kanunlary kämilleşdirmäge hem-de türkmen kompaniýalarynyň maýa goýum işini höweslendirýän täze kanunçylyk namalaryny we telekeçiligi ösdürmek üçin has amatly şertleri döretmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Ýusup TAŇRYGULYÝEW,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Ylmy-önümçilik geňeşiniň baş hünärmeni.