Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça öňde duran wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde uly işler edilýär.
Ýurdumyz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermek bilen bir hatarda, nebiti we gazy gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleri döretmäge uly üns berýär. Tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalary gurulýar. Täze ojaklary açmak, täze känleriň çägini giňeltmek, täze guýulary burawlamak ýaly işler ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň öňünde duran esasy wezipeler bolup durýar.