Sanly ykdysadyýet kuwwatlylygyň esasydyr

7 Iýul 2021
1147

Häzirki zaman dünýäsinde islendik döwletiň ösüşi, ilkinji nobatda, ylmyň ýeten derejesi bilen kesgitlenilýär. Ylmyň soňky gazananlary jemgyýetiň ösüşini täze hil derejesine çykarmakda, okgunly ösüşlere beslemekde möhüm ähmiýete eýedir. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» işi döwrüň talabyna laýyk gurnamaga esas berýär. Bu resminamada maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynyň ýagdaýy, Konsepsiýanyň maksatlary hem-de wezipeleri, ony durmuşa geçirmegiň ugurlary we gurallary, şeýle hem garaşylýan netijeler öz beýanyny tapýar. Işewürligiň we maýa goýum işjeňliginiň ösdürilmegine, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagyna, täze iş orunlarynyň döredilmegine gönükdirilen Konsepsiýany üç tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilendir.

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak boýunça amala aşyrylýan işler hormatly Prezidentimiziň kämil döwlet syýasatynyň ylmyň soňky gazananlaryna esaslanýandygyna kepil geçýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu ulgama aýratyn üns gönükdirilip, täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ulgamy boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Mundan başga-da, sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlandy. Ýokary okuw mekdepleriniň we okuw merkezleriniň hünäri kämilleşdiriş merkezlerinde bu ugurdan degişli sapaklar geçilýär.

Jennet BEGLIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.