«Gara altynly» guýular

7 Iýul 2021
867

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny üstünliklere beslemek maksady bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgatly barýarlar. Olar kämil buraw desgalarydyr enjamlaryna başarnykly erk etmek bilen, has çuň gatlaklara aralaşyp, uglewodorod çig mallarynyň baý gorlaryny gözläp tapýarlar. 

Baýlyk gözleýjiler şu ýylyň başyndan bäri müňlerçe metr ýerasty çuňluk geçip, nebit çig mally guýularyň dördüsini ulanyşa tabşyrdylar. Onuň ep-esli böleginiň ulanyş maksatly çuňluk bolmagy has-da buýsançly. Şeýle guwandyryjy netijäniň gazanylmagyna soňky döwürde has kuwwatly buraw desgalarynyň önümçilige yzygiderli ornaşdyrylmagy aýgytly täsirini ýetirdi. Goturdepe, Altyguýy we Ördekli meýdançalarynyň ýerasty gatlaklaryny senagat taýdan özleşdirmekde netijeli işleri alyp barýan müdirligiň burawlaýjylary ýaňy-ýakynda Demirgazyk Goturdepe käninde önümli guýularyň birbada ikisiniň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Netijede, şol ýerdäki 348-nji we 351-nji guýulardan «gara altynyň» bol akymy alyndy. Tehniki sazlaýyş işlerinden soň önümli guýular nebitçilere ulanyşa berildi.

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».