Döwletlilik taryhymyzyň täze eýýamy

7 Iýul 2021
1007

Mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda kanunçylyk ulgamyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda milli kanunçylygymyzy ösdürmek, demokratiýany çuňlaşdyrmak, her bir adamyň hukuklaryny pugtalandyrmak üçin degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary adamlaryň deňligini, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirýär.

Bize mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirildi. Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen bu saýlawlaryň netijesinde «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8, jemi 48 wekil Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy.

Gurbangül BERKELIÝEWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlygynyň orunbasary