Ykdysady ösüşiň kepili

7 Iýul 2021
847

Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzy ösüşlerden-ösüşlere besleýän möhüm wakalaryň ençemesiniň şaýady bolýarys. Bu wakalar Watanymyzyň, halkymyzyň taryhynda öçmejek yz goýup, dünýä jemgyýetçiliginiň gyzyklanmasyny barha artdyrýar. Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garalyp, şu ýylda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we milli Liderimiz degişli ugurda döwlet ähmiýetli birnäçe maksatnamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekdi. Şolaryň biri hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hakynda bolup, onda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilen gününden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny täzeçillik gurşap aldy. Bu konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylyp başlanylmagy diňe bir pudak işgärlerini gyzyklandyrman, eýsem, tutuş halkymyzyň uludan-kiçä hemmesiniň aýratyn ünsüni çekdi.

Begenç GURBANOW,
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.