"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Yklymlara nur paýlaýan gönezlik

Keramatly türkmen topragynyň asty-da, üsti-de tükeniksiz hazyna. Üstünde bitýän, sanasaň san ýetmez ösümlikleriň uzap gidýän hatary göreni haýrana goýýan bolsa, astyndan ummasyz gora eýe bolan «garadyr mawy altyn» çogup çykýar. Türkmeniň nebitidir gazy genji-hazyna bolup, bu gün dünýäni haýrana goýýar. Sebäbi Türkmenistan uglewodorod baýlyklary babatda dünýäde öňdäkileriň hatarynda durýar. Islendik ýurt barada öwrenilende, ilki bilen, şol döwletde nähili önümleriň önýändigi, onuň haýsy tebigy baýlyklara baýdygy bilen gyzyklanylýar. Biziň bereket çeşmesi hasaplanylýan Diýarymyzda bolsa önmejek zat ýok. Onda-da janypkeş halkymyzyň zähmeti bilen türkmen topragynda kemala gelýän datly miweler, tebigy ýer gorlaryndan gazylyp alynýan önümler diňe bir ýurduň öz çägine däl, jahanyň jümmüşine ýol salyp, çar ýana ýaýraýar.

Sanly ykdysadyýet: rowaçlygyň aýdyň ýoly

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýeti beýleki ulgamlar bilen bir hatarda ösüşiň aýdyň ýollarynda belent sepgitleri nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, bagtyýar halkymyzyň hal-ýagdaýynyň ýokary derejede bolmagy ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha ýokary depginde ösýändiginiň anyk subutnamasydyr. Sanly we häzirki zamanyň ösen aragatnaşyk tehnologiýalary adamzadyň gündelik durmuşyna çalt depgin bilen aralaşýar. Bu tehnologiýalar dürli ulgamlaryň, pudaklaryň özara baglanyşygyny üpjün edip, bir maksada gönükdirýär. Ýurduň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak döwrüň derwaýys wezipeleriniň biridir. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy bilen bazar gatnaşyklaryna geçilýän döwründe milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygy, zähmet öndürijiliginiň derejesi ýokarlanýar.

Elektron senagat — döwrüň derwaýyslygy

Hormatly Prezidentimiziň 9-njy iýulda şu ýylyň 6 aýyň jemine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, elektron resminama dolanyşygyny ähli edara-kärhanalarda ornaşdyrmak, elektron senagaty we hususy telekeçiligi ösdürmek, olaryň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň güýçlendirilmelidigini aýratyn nygtady. Şeýle-de milli Liderimiz ýurdumyzda elektron senagaty döretmek işiniň başlanandygyny, bu ugurda geljekki wezipeleri üstünlikli çözmek üçin işgärleri taýýarlamagyň ulgamyny döretmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde bu ugurda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işlere möhüm ähmiýet berilýär.

Täze şertler — täze ösüş konsepsiýasy

Döwlet dolandyryş edaralarynyň işini ilerletmegiň ýörelgeleri barada söhbet Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň bolelin ýaşamagy ugrundaky ýadawsyz aladalary, bimöçber tagallalary bilen ynsanperwer ugurly türkmen ykdysadyýeti yzygiderli we durnukly ösüşlere eýe bolýar. Syýasy özbaşdaklygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistan milli ykdysadyýeti netijeli ösdürmegiň döwrebap özgertmeler nusgasyny saýlap aldy hem-de netijeli durmuşa geçirýär. Köp ýyllaryň dowamynda amala aşyrylan düzümleýin, sebitleýin hem pudagara uzak möhletli özgertmeler özüniň ykdysady taýdan bähbitlidigini doly subut etdi. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy iýulynda geçirilen, ýarym ýylyň jemlerine bagyşlanylan giňişleýin mejlisiniň netijeleri bu aýdylanlary aňryýany bilen tassyklaýar. Mejlisiň barşynda berlen hasabatlardan görnüşi ýaly, ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň 6,1 göterim derejede artmagy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň 5,2 göterim, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň 3,5 göterim, ortaça aýlyk zähmet hakynyň 10,5 göterim ýokarlanandygy işleriň ilerleýändigine şaýatlyk edýär. Tutuş dünýäde howply ýokanjyň ýaýramagy zerarly aýry-aýry ýagdaýlar bilen baglanyşykly döräp biläýjek ykdysady töwekgelçilikler babatynda geçirilýän seljermelerde wehimiň öňüni al

«Owerdraft» — müşderiler üçin amatly karz hyzmaty

Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artýar we olaryň hili günsaýyn kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem köp sanly işler alnyp barylýar. Bankymyz döwrüň talabyndan we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, öz müşderilerine yzygiderli täze, döwrebap hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hyzmatlaryň biri-de «Owerdraft» karzydyr. Karzyň bu görnüşi bütin dünýäde eýýäm birnäçe ýyldan bäri täjirçilik banklarynyň müşderileri tarapyndan giň gerim bilen ulanylýar.«Owerdraft» sözi iňlis dilinden terjime edilende, «hasabyňdan artykmaç harç etmek» diýmegi aňladýar. Has takygy, bank kartyny saklaýjylar öz hasabyndaky serişdeleri harçlap gutarandan soňra, «Owerdraft» bank karty arkaly karzyna goşmaça pul serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar.

Gurmak döwletlilikden nyşan

Islendik ýurduň ösýändigine, özgerýändigine gurluşyk ulgamynda ýerine ýetirilýän işleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar. Gurmak döwletliligiň, berkararlygyň aýdyň alamaty, geljege gönükdirilen işleriň ynandyryjylykly nyşanydyr. Hormatly Prezidentimiz gurmak, döretmek ýoluny ynamly ýöretmek bilen, ýurdumyzy uly gurluşyk meýdançasyna öwürdi. Türkmen topragy şeýle giň gerimli gurluşyk-gurnama işlerini hiç haçan gören däldir. Bagtyýarlygyň nyşany bolan kaşaň binalar, giň we ýagty ýollar, ajaýyp seýilgähler obadyr şäherlerimize gelşik berýär. Munuň şeýledigi Lebap topragynyň täze keşbiniň mysalynda hem aýdyň görünýär. Bu il-ýurt bähbitli işler häzirki günlerde hem ýokary depginde, guramaçylykly dowam edýär. Baş baýramyň ― Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylynyň geçen aýlarynda bu babatda bitirilen işler, gazanylan netijeler hakynda söhbet açmak örän ýakymlydyr.

Pul-karz syýasatynyň oňaýly täsirleri

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň ýokary bolmagynda we dünýä ykdysady ulgamyna amatly şertler bilen aralaşmagynda bank ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dünýä maliýe gatnaşyklaryna aralaşýan şertlerinde milli ykdysadyýetimiziň öňünde durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmeklik we dünýä ykdysadyýetindäki global üýtgeşmeler bilen baglanyşykly daşky gurşawyň ýaramaz täsirini azaltmaklyk möhüm wezipeler bolup durýar. Şu wezipeleriň çäklerinde pul-karz we daşary ýurt pul syýasatlaryny amala aşyrmak bilen utgaşykly çäreleriň toplumy durmuşa geçirilýär. Pul-karz syýasatynyň esasy maksady ýurtda maliýe taýdan ýokary ösüşi üpjün etmäge we milli manadyň hümmetiniň pugtalanmagyna, nyrhlaryň durnukly derejelerde saklanmagyna gönükdirilendir. Milli puluň satyn alyjylyk ukybyny ýokarlandyrmak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, pul dolanyşygynyň netijeliligini üpjün etmek, täze maliýe gurallaryny işläp taýýarlamak we bank ulgamynyň durnuklylygyny saklamak boýunça çäreleri durmuşa geçirmek pul-karz syýasatynyň esasy wezipeleri bolup durýar.

Nebitgaz pudagynyň kuwwatly binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak has-da işjeňleşdi, eksportyň möçberleri artdy, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda önümçilik kuwwatlyklarynyň gerimini giňeltmek işi döwrebap ýola goýuldy. «Galkynyş» gaz käninde harytlyk gazy taýýarlaýan zawodlar toplumy ulanylmaga berildi. Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň işe girizilmegi netijesinde türkmen tebigy gazy Hytaý Halk Respublikasyna bardy. Häzirki wagtda üç ugur boýunça türkmen tebigy gazy bu ýurda bökdençsiz ugradylýar. Hytaý Halk Respublikasyna iberilýän gazyň möçberini artdyrmak maksady bilen, onuň dördünji (D) ugry boýunça gurluşyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi türkmen tebigy gazynyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, ýakyn-u-alysdaky döwletleriň abadan hem eşretli ýaşaýşynyň bähbitleri üçin netijeli peýdalanylýandygyny ýene bir ýola tassyklaýar.

Tebigy gaz ýurdumyzyň toplumlaýyn ösdürilmeginde möhüm serişdedir

Gaz senagaty Garaşsyz Watanymyzyň iri we möhüm pudaklarynyň biridir. 1958-nji ýyla çenli gaz çykarmak Günbatar Türkmenistanyň nebit känleriniň işleýşi bilen baglanyşyklydy. Şol ýylyň ýaz aýlarynda Guşguda, soňra Garagumuň merkezi Derwezede ilkinji gaz fontanlarynyň atylandygy, onuň Garagum platformasynyň bütin çäginiň nebite we gaza baýdygyna şaýatlyk edýändigi degişli pudagyň çeşmelerinde bellenilýär. Türkmenistanyň tebigy serişdelere, hususan hem tebigy gaza örän baýdygy soňky onýyllyklarda äşgär boldy. 1958 — 1965-nji ýyllarda Gündogar Türkmenistanda Samandepe, Sakar, Garaçöp, Maý, Baýramaly, Kükürtli... ýataklary açyldy. 1966-njy ýylda Türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda täze gaz kondensat käni — Ojak açylýar. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen gaz senagaty has-da rowaçlandy. Oňa gaz gory boýunça dünýäde dördünji orunda durýan «Galkynyş» gaz käni mysal bolup biler.

«Gara altyn» almagyň ussatlary

Ýurdumyzyň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň dürli maksatly kärhanalarynyň zähmet toparlary hem «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gaýratly zähmet çekýärler. Şunda konserniň «Gumdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde soňky ýyllarda amala aşyrylýan işler bolsa has-da maksada okgunlydyr. Soňky ýyllarda düýpli täzelenişi başdan geçirýän bu baýry kärhanada hereket edýän guýulardan alynýan uglewodorod çig mallarynyň möçberi barha köpelmek bilen. Ýeri gelende aýtsak, «gara altynly» ýataklary gözläp tapmak we olary senagat taýdan özleşdirmek işi bu hazynalar mesgeninde 1948-nji ýyldan badalga alýar. Şol ýyl gazuw işleri tamamlanyp, ulanyşa tabşyrylan 1-nji guýudan her gije-gündizde alynýan nebitiň möçberi 25 tonnadan hem geçýär. Bu uly üstünlik «Gumdagnebit» NGÇM-niň Gumdag, Guýjuk, Gyzylgum, Gögerendag, Ördekli, Ekizak, Garadepe, Ýolaýyrdy we Garadurun ýaly ýataklarda alnyp barylýan işleriň geriminiň ymykly giňeltmegine esas bolýar.

Sanly ykdysadyýet arkaly özgertmeler ýolunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda milli ykdysadyýetimizi ösen döwletleriň derejesine çykarmak hem-de döwrebap tilsimatlary we usullary ornaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Sanly ykdysadyýetiň kemala gelmegi jemgyýetçilik durmuşynda we maliýe işinde maglumat-aragatnaşyk serişdeleriniň ähmiýetiniň kämilleşmegi bilen häsiýetlendirilýär. Sanly ykdysadyýet dünýä ýüzünde köpleri gyzyklandyrýan meseleleriň birine öwrüldi. Munuň sebäbi, ykdysadyýetiň sanly görnüşinde jemlenen mümkinçilikleriniň diňe bir ykdysadyýetiň ösüşini üpjün etmek däl-de, eýsem, durmuşyň hem özgermegine getirýändigidir. Dünýä giňişliginde internetiň ýüze çykmagy, şahsy kompýuterleriň, maglumat aragatnaşyk ulgamynyň giňden ýaýramagy hem-de hiliniň ýokarlanmagy ykdysady gatnaşyklaryň sanly elektron görnüşiniň ösmegine itergi beren ugurlaryň biri hasaplanýar. Bu häsiýetli aýratynlyk ondan peýdalanyjylar üçin birnäçe oňaýlyklary döredýär. Ol maglumatlary alyş-çalyş etmegiň, şertnama baglaşmagyň we özara hasaplaşyklary geçirmegiň tizligini artdyrýar, wagty tygşytlaýar, özara gatnaşyklary ýönekeýleşdirýär.

«Goýum» bank karty — döwrebap mümkinçilikleriň toplumy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijesinde, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, bank ulgamy hem barha kämilleşýär. Bank ulgamy ýurdumyzda ykdysady syýasatyň kemala gelmegine we bolup geçýän uly ykdysady özgertmelere işjeň gatnaşýar hem-de ykdysady döwlet maksatnamalaryny netijeli durmuşa geçirýär. Karz edaralary öz işinde öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanyp, ýurduň islendik künjeginde döwrebap bank hyzmatlarynyň raýatlarymyza elýeterli bolmagyny gazanýarlar. Bu babatda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan nagt däl görnüşindäki hasaplaşyklaryň gerimini artdyrmak boýunça uly möçberli işler alnyp barylýar. Şolar bilen baglylykda, bank kartlarynyň dürli görnüşleri müşderilere ýetirilýär. Bank kartlarynyň hatarynda «Goýum» bank karty raýatlaryň arasynda köp islegden peýdalanýar. Eýsem-de, bu bank kartynyň nähili aýratynlyklary bar?

Ykdysadyýet we durmuş

«7/24.tm», №30 (61), 26.07.2021. AHMIÝETLI MAGLUMATLAR

Sanly ykdysadyýet — kämil ykdysadyýet

Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň hojalyk subýektlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär we bu işler yzygiderli durmuşymyza ornaşdyrylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin, sanly elektron ulgamy bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meselelerine hem uly üns berilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz

Önümçiligiň depgini ýokarlanýar

Türkmenbaşy şäheriniň Awaza etrabynyň çäginde ýerleşýän «Awaza» döwlet elektrik bekediniň hünärmenleri sebitiň elek- trik toguna bolan islegini üpjün etmekde oňat netijeleri gazanýarlar. Olar şu ýylyň geçen alty aýynda 497 million kilowat sagat elektrik energiýasyny öndürip, önümçiligiň ösüş depginini 143 göterim ýokarlandyrdylar. Bu döwürde sarp edilenden artyk elektrik energiýasy ýurdumyzyň bütewi elektrik ulgamyna iberildi. Abatlaýjylaryň goşandy

Bank hyzmatlarynyň müşderilere amatlyklary

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzda elektron resminamalaryň dolanyşygyny üpjün etmek, sanly aragatnaşygy has-da kämilleşdirip, elektron hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan ilata edilýän sanly bank hyzmatlarynyň gerimini has-da giňeltmek, olaryň elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen, täze görnüşli döwrebap sanly bank hyzmatlary yzygiderli müşderileriň hyzmatyna hödürlenilýär. Olaryň hatarynda «Internet bank» we «Mobil bank», «QR-cod», «Cash back» höweslendiriji hyzmaty, «Goýum bank karty», «Maşgala» bank karty, «Owerdraft» karz bank karty we başga-da birnäçe bank hyzmatlaryny görkezmek bolar. Bank kartlarynyň giň gerimde hereket etmegi döwrebap usullary ulanmak bilen pul-karz ulgamynyň işjeňligini ösdürmek arkaly pul dolanyşygynyň gerimini giňeltmeklige, goýum görnüşinde ilatdan çekilen erkin pul serişdelerini gaýtadan ýerleşdirip, ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirmeklige we ýurduň içerki, halkara hasaplaşyklarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine, netijede bolsa, haryt-pul gatnaşyklarynyň ýeňilleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň banklarynda sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy bilen, milli kart ulgamymyz boýunça döredilen mümkinçilikleriň käbir görnüşleri barada durup geçeliň.

Amatly karzlar we şertler

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda bank ulgamynda hem innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerine eýerip, tölegleriň çalt we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, nagt pul geçirimlerini gysga wagtyň içinde amala aşyrmak, bank kepilligini bermek we karzlara bolan islegleri yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly işler döwrebaplaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, şeýle hem ilata hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterli bolmagyna hem-de olaryň hiliniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň esasynda milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Hususy telekeçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzda köpugurly ykdysady we durmuş meselelerini çözmeklige mümkinçilik berýär. Hususy telekeçiligiň ýokary depgin bilen ösmegi adamlary iş orunlary bilen üpjün etmek, ilatyň sarp edýän harytlaryny öndürip, içerki bazarlary giňeltmek, ýerli çig mallary netijeli peýdalanmak, ykdysadyýeti düzüm taýdan kämilleşdirmek ýaly meseleleri çözmeklige ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýetimizi özgertmegiň döwrebap meseleleriniň biri bolan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçil

Ýaşlary goldamak — döwrüň talaby

Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Bank hyzmatlarynyň içinde, aýratyn hem, raýatlaryň durmuşy maksatlary we zerurlyklary üçin ulanýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklara möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň karz edaralarynda giňden ýaýbaňlandyrylan nagt däl hasaplaşyklar boýunça durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda hem giňden ulanylyp, hyzmatlaryň täze görnüşleri müşderilere yzygiderli hödürlenilýär. Şu ugurdaky işleriň esasynda bolsa, bankymyz tarapyndan «Talyp karzy» we «Talyp tölegi» ýaly hyzmatlaryň işi ýola goýuldy. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde tölegli bölümleriň açylmagy karz edaralaryň öňünde birnäçe meseleleri goýdy. Şol bir wagtda ýurdumyzyň çäginde tölegli esasda bilim alýan talyplara okuw tölegi babatynda ýardam bermek maksady bilen täze hyzmatlaryň dolanyşyga girizilmegine ýol açdy. «Talyp tölegi» hyzmaty bank tarapyndan talyplara hödürlenýän nagt däl hyzmatlaryň bir görnüşi bolup, onuň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden we töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Bank hyzmatynyň bu görnüşiniň nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi i

Döwrebap hyzmatlaryň elýeterliligi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Munda sanly ulgamyň işiniň aýratyn ähmiýeti bardyr. Döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň esasyny düzýän sanlylaşdyrmak işi ýurtda diňe ösüşiň durnukly we oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwür bilen aýakdaş gitmegi, işleri halkara ülňülerine laýyklykda guramagy, töwekgelçilikleriň we nätakyklygyň aradan aýrylmagyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagynyň çäklerinde degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýady-da yzygiderli kämilleşdirilýär. Olaryň hatarynda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we olary goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.

Bedew batly ösüşleriň diýary

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow. — Eziz Watanymyzyň täze taryhy senenamasyna altyn harplar bilen ýazylýan Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy — şanly sene ähli raýatlarymyzyň Watana bolan söýgüsini has-da artdyrýar, mähriban halkymyzy il-ýurt bähbitli, döwletli işlere ruhlandyrýar.