Tebigy gaz ýurdumyzyň toplumlaýyn ösdürilmeginde möhüm serişdedir

26 Iýul 2021
1064

Gaz senagaty Garaşsyz Watanymyzyň iri we möhüm pudaklarynyň biridir. 1958-nji ýyla çenli gaz çykarmak Günbatar Türkmenistanyň nebit känleriniň işleýşi bilen baglanyşyklydy. Şol ýylyň ýaz aýlarynda Guşguda, soňra Garagumuň merkezi Derwezede ilkinji gaz fontanlarynyň atylandygy, onuň Garagum platformasynyň bütin çäginiň nebite we gaza baýdygyna şaýatlyk edýändigi degişli pudagyň çeşmelerinde bellenilýär. Türkmenistanyň tebigy serişdelere, hususan hem tebigy gaza örän baýdygy soňky onýyllyklarda äşgär boldy. 1958 — 1965-nji ýyllarda Gündogar Türkmenistanda Samandepe, Sakar, Garaçöp, Maý, Baýramaly, Kükürtli... ýataklary açyldy. 1966-njy ýylda Türkmenistanyň demirgazyk-gündogarynda täze gaz kondensat käni — Ojak açylýar.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen gaz senagaty has-da rowaçlandy. Oňa gaz gory boýunça dünýäde dördünji orunda durýan «Galkynyş» gaz käni mysal bolup biler.

Begli ANNAMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.