Döwrebap hyzmatlaryň elýeterliligi

21 Iýul 2021
990

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyrylyşynyň ähli ulgamlaryny düzüm taýdan mundan beýläk-de kämilleşdirmek ugrunda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Munda sanly ulgamyň işiniň aýratyn ähmiýeti bardyr. Döwlet Baştutanymyzyň takyk, çuňňur oýlanyşykly we ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýasynyň esasyny düzýän sanlylaşdyrmak işi ýurtda diňe ösüşiň durnukly we oňyn depginini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, döwür bilen aýakdaş gitmegi, işleri halkara ülňülerine laýyklykda guramagy, töwekgelçilikleriň we nätakyklygyň aradan aýrylmagyny üpjün edýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ugurda yzygiderli maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmagynyň çäklerinde degişli kadalaşdyryjy-hukuk binýady-da yzygiderli kämilleşdirilýär. Olaryň hatarynda «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumatlar we olary goramak hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» kabul edilen Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.

Bahram KOLDAŞOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň welaýat müdirliginiň döwlet sanawyny alyp barýan döwlet bellige alyjysy.