Ýaşlary goldamak — döwrüň talaby

22 Iýul 2021
1122

Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylýan sanly ykdysady özgertmeleriň çäklerinde bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalar, häzirki zaman bank hyzmatlary işjeň ornaşdyrylýar. Bank hyzmatlarynyň içinde, aýratyn hem, raýatlaryň durmuşy maksatlary we zerurlyklary üçin ulanýan bank kartlary arkaly geçirilýän nagt däl hasaplaşyklara möhüm orun degişlidir. Ýurdumyzyň karz edaralarynda giňden ýaýbaňlandyrylan nagt däl hasaplaşyklar boýunça durmuşa geçirilýän işler Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynda hem giňden ulanylyp, hyzmatlaryň täze görnüşleri müşderilere yzygiderli hödürlenilýär. Şu ugurdaky işleriň esasynda bolsa, bankymyz tarapyndan «Talyp karzy» we «Talyp tölegi» ýaly hyzmatlaryň işi ýola goýuldy.

Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzyň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde tölegli bölümleriň açylmagy karz edaralaryň öňünde birnäçe meseleleri goýdy. Şol bir wagtda ýurdumyzyň çäginde tölegli esasda bilim alýan talyplara okuw tölegi babatynda ýardam bermek maksady bilen täze hyzmatlaryň dolanyşyga girizilmegine ýol açdy. «Talyp tölegi» hyzmaty bank tarapyndan talyplara hödürlenýän nagt däl hyzmatlaryň bir görnüşi bolup, onuň esasy maksady tölegli esasda okaýan talyplar üçin ýeňillikli şertleri döretmekden we töleg geçirmekde ýüze çykyp biljek bökdençlikleri aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Bank hyzmatynyň bu görnüşiniň nagt hasaplaşykdan tapawudy tölegi islän wagtyň, nobata durmazdan, göni wagt tertibinde (onlaýn usulynda) geçirip bolýandygydyr. Munuň üçin bankymyz ýurdumyzyň tölegli esasda bilim berýän ýokary okuw we ýörite orta mekdepleri bilen degişli şertnamalary baglaşdy. Şonuň esasynda bolsa, talyplaryň okuw tölegini bökdençsiz tölemekleri üçin olaryň her birine birnäçe sandan ybarat bolan ýörite belgiler paýlanyldy.

Orazsoltan HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Ak bugdaý şahamçasynyň Bank kart ulgamlar bölüminiň awtomatizasiýa boýunça esasy hünärmeni.