«Owerdraft» — müşderiler üçin amatly karz hyzmaty

26 Iýul 2021
1127

Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edaralary tarapyndan ilata hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşleri yzygiderli artýar we olaryň hili günsaýyn kämilleşdirilýär. Bu babatda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hem köp sanly işler alnyp barylýar. Bankymyz döwrüň talabyndan we dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alyp, öz müşderilerine yzygiderli täze, döwrebap hyzmatlary hödürleýär. Şeýle hyzmatlaryň biri-de «Owerdraft» karzydyr.

Karzyň bu görnüşi bütin dünýäde eýýäm birnäçe ýyldan bäri täjirçilik banklarynyň müşderileri tarapyndan giň gerim bilen ulanylýar.«Owerdraft» sözi iňlis dilinden terjime edilende, «hasabyňdan artykmaç harç etmek» diýmegi aňladýar. Has takygy, bank kartyny saklaýjylar öz hasabyndaky serişdeleri harçlap gutarandan soňra, «Owerdraft» bank karty arkaly karzyna goşmaça pul serişdelerinden peýdalanmaga mümkinçilik alýarlar.

Goçnazar GURBANNAZAROW,
Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Balkan şahamçasynyň dolandyryjysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.