Sanly ykdysadyýet — kämil ykdysadyýet

25 Iýul 2021
1670

Garaşsyz baky Bitarap ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň hojalyk subýektlerinde sanly ulgamy ornaşdyrmak arkaly, ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär we bu işler yzygiderli durmuşymyza ornaşdyrylýar. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak, döwlet dolandyryşynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak üçin, sanly elektron ulgamy bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek meselelerine hem uly üns berilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň netijesinde sanly bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, hünär almagy we ylmy döredijilige ugrukmagy, ata Watana, halka, beýik pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin netijeli işler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz

Aýjeren SEÝITJANOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.