Amatly karzlar we şertler

23 Iýul 2021
965

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda bank ulgamynda hem innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak işlerine eýerip, tölegleriň çalt we öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmek, nagt pul geçirimlerini gysga wagtyň içinde amala aşyrmak, bank kepilligini bermek we karzlara bolan islegleri yzygiderli ýokarlandyrmak ýaly işler döwrebaplaşdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyna laýyklykda amala aşyrylýan özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga, şeýle hem ilata hödürlenilýän harytlaryň we hyzmatlaryň elýeterli bolmagyna hem-de olaryň hiliniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir. Döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň esasynda milli ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmekde uly üstünlikler gazanylýar. Hususy telekeçiligiň ösdürilmegi ýurdumyzda köpugurly ykdysady we durmuş meselelerini çözmeklige mümkinçilik berýär. Hususy telekeçiligiň ýokary depgin bilen ösmegi adamlary iş orunlary bilen üpjün etmek, ilatyň sarp edýän harytlaryny öndürip, içerki bazarlary giňeltmek, ýerli çig mallary netijeli peýdalanmak, ykdysadyýeti düzüm taýdan kämilleşdirmek ýaly meseleleri çözmeklige ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysadyýetimizi özgertmegiň döwrebap meseleleriniň biri bolan daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini giňeltmekde möhüm orny tutýar. Ýurdumyzyň karz edaralary hem bu işe öz goşandyny goşýar.

Jemal MURADOWA,
Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň «Kerki» şahamçasynyň esasy hünärmeni.