"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri gutlaglarynda galkynyşy, gülläp ösüşi hem-de täzelenişi alamatlandyrýan bu baýramyň halklary ýakynlaşdyryp, raýdaşlygy pugtalandyrýandygyny belleýärler. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu nurana baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-kuwwat, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Hormatly adamlar!Gadyrly watandaşlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toý-baýramlara beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň watandaşlarymyzy döwletimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen belent maksatly işlere galkyndyrjakdygyna, baý medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

«Älem-jahan gül-gülüstan»

Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdylar. 16-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek möwsüminiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi. Paýtagtymyzyň günortasyndaky gözel künjekde ýaýbaňlandyrylan ählihalk bag ekmek dabarasyna Gahryman Arkadagymyz hem gatnaşdy.

Hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary

18-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda giň gerimli işleriň alnyp barlyp, ägirt uly «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmegiň çäklerinde işleri üstünlikli amala aşyrmak üçin zerur tagallalaryň edilýändigini belledi. Şunda bilelikdäki iri taslamalary durmuşa geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby, 2024-nji ýylyň 13-nji marty) Eziz watandaşlar!

Telefon arkaly söhbetdeşlik

19-njy martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Ösüşleriň we rowaçlygyň bähbidine

15-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleriniň birnäçesine garaldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyndaky ÇYKYŞY

(Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby, 2024-nji ýylyň 13-nji marty) Eziz watandaşlar!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna

Hormatly adamlar! Gadyrly watandaşlar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda toý-baýramlara beslenip gelen Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Milli bahar baýramy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralarynyň watandaşlarymyzy döwletimiziň gülläp ösmegine gönükdirilen belent maksatly işlere galkyndyrjakdygyna, baý medeni mirasymyzy, milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn.

Gyzlar atarlar bije

Güller öwşün atyp, baglar pyntyk ýaryp, owlak-guzular owadan sähralyklarda  aga-ýana otlaşyp ýörkä, halkymyz ýene bir toýy — Nowruz baýramyny şowhunly garşylaýar. Täze ýylyň, täze günüň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýramçylykda gyz-gelinler tebigat bilen bäs edýän owadan lybaslary bilen meýdana çyksalar, çagalar şol gün milli oýunlary oýnap, owlak-guzulary synlap göwünlerini hoşlaýarlar. Baýramçylyk gününiň toý saçagyny dänäniň ýedi görnüşinden taýýarlanan milli tagamlar bilen bezemek gelin-gyzlaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrýar.  Nowruz gününde ak bugdaýdan nowruz ýarmasy, ak jöwenden nowruz köjesi, tüwüden, mäşden, noýbadan dürli tagamlar taýýarlanýar. Emma gelin-gyzlar semeni taýýarlamak üçin birnäçe gün öňünden taýýarlyk görýärler. Olar gaplarda bugdaýy ekip, onuň gögermegine garaşýarlar. Dürterip çykan ýaşylja maýsalara gözi düşen gyzlar, gelinler gowy arzuwlary edýändirler.  Eneler bugdaýyň ýaşajyk maýsasyndan taýýarlanan semenini dadyp aý-günleriň we ýylyň bereketli bolmagy üçin ýagşy arzuwlar edenlerinden soňra, tagam ýaşlara, çagalara hödürlenýär. Semenini dadan her bir adam öz arzuw-hyýallarynyň hasyl boljakdygyna ynanýandyr. Şol gün gyz-gelinler üçin has-da şatlykly gün hasaplanypdyr. Olar monjugatdy oýnuny oýnap: 

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ENELERINE WE ÄHLI GELIN-GYZLARYNA

Eziz eneler! Mähriban gelin-gyzlar!

Türkmenistan — Türkiýe: arkalaşan dag aşar

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji günlerinde, ýagny 1-2-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýe Respublikasynda iş saparynda bolmagy halkymyzyň «Arkalaşan dag aşar» pähiminiň çuň manysyny açyp görkezdi. Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen bolan duşuşygynda orta atylan özara bähbitli pikirler-de, Milli Liderimiziň Antalýa diplomatiýa forumynda eden çykyşy-da biziň halkymyzyň, berkarar döwletimiziň ynsanperwerlik ruhuny, tutýan ýoluny ýene bir gezek halkara derejesinde ýüze çykardy. Gahryman Arkadagymyz ilki Türkiýäniň Prezidenti bilen duşuşyp, doganlyk ýurduň Baştutanyny 70 ýaşynyň dolmagy hem-de oňa Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy mynasybetli gutlady. Prezident Rejep Taýyp Ärdogana türkmeniň milli içmegini sowgat bermek bilen, Gahryman Arkadagymyz inçe el işi bolan ajaýyp içmegiň nagyşlarynyň manysy barada aýdyp berdi. Bu gürrüňleriň çuň manysy halkymyzyň ruhy durmuşynyň gözelligini, türkmeniň nurana, ynsanperwer kalbyny açyp görkezýärdi.

Ynsanperwerligiň beýik nusgasy

Ýaşaýyşda adamlaryň ruhy daýanjy ynsanperwerlikdir. Bu dünýäde ynsanperwerligiň bardygyna, adamzadyň hemişe bir-birege hemaýatynyň ýetip durmalydygyna bolan mizemez ynanç durmuşyň ygtybarlylygynyň kepilidir. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň pent edişi ýaly, «Goldan gelen ýagşy işiň bolmasa, Köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr». Ynsanperwerlik, sahawatlylyk diňe sözde däl, eýsem, ýagşy işlerde ýüze çykyp, adamlaryň kalbynda adalata, sahawata çuň ynam döretse, ol halkyň bagtyýarlygynyň aýdyň alamaty. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleri ýurdumyzy sahawatly işleriň mekanyna öwürdi. «Akylly» şäher konsepsiýasyny özünde jemleýän Arkadag şäheri bu babatda ynsanperwerligiň beýik nusgasy bolup, taryhda orun alýar.

Enäniň alkyşy — Watanyň rysgaly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen mukaddes ojaklaryň eýesi bolan mähriban enelerimiziň mynasyp nesilleri terbiýeläp ýetişdirmegi, şeýle hem olaryň hukuklaryny we bähbitlerini, maşgalany goldamak, eneligi we çagalygy goramak, durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek babatda ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Enä, zenana hormat goýmakda Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitaby nusgalyk ýörelge bolup durýar. Mähriban Arkadagymyzyň bu ajaýyp eserinde çuňňur many bar: «Ene — ynsanyň kemala gelmegi üçin ýaradylan beýiklik. Enäniň alkyşy — Watanyň rysgaly. Dünýäde iň kämil döredilen eser hem «ene hüwdüsidir». Eneler iliniň bagtynyň dileginde bolup, abatlyk arzuwlary bilen dünýäni ýaşadýarlar». Mähriban Arkadagymyzyň kämil eserinde beýan tapan bu ajaýyp pikirler, ynsan üçin iň eziz bolan ene mukaddesligini Arşa göterýär.

Ömürleriň öçmez şamçyragy

Türkmen tebigatyna ýaşyl begresden don ýapan bahar pasly bu ýyl adatdakylardan üýtgeşik geldi. Çünki hormatly Prezidentimiz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň bahar paslynyň ilkinji gününde geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde maşgala ojagyny gorap saklamakda, ogul-gyzlaryna mynasyp edep-terbiýe bermekde, jemgyýetimiziň agzybirligini has-da berkitmekde eziz enelerimiziň uly işleri bitirýändiklerini belläp, köp çagaly enelere «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakynda Permana gol çekdi. Bu hoş habar, şeýle-de döwlet Baştutanymyzyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda gol çeken resminamasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mährem enelerinde, gelin-gyzlarynda egsilmez şatlyk döretdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Yhlasly zähmeti bilen berkarar Watanymyzyň abraýyny belende göterýän mähriban enelerimiziň Garaşsyz döwletimizde hormat-sarpasy örän ýokarydyr». Mukaddeslige deňelýän mährem enelerimiz ýaşaýşyň gözbaşy, barlygyň göwher gaşy, maşgala ojagynyň sütüni. Ol mähribanlaryň barlygynda dünýämiz doly bolýar, çünki kalbymyza ýylylyk berýän eziz käbelerimiz ýolumyzyň şamçyragydyr. Eneleriň eli melhem, sözi derman, hüwdüsi aýdymdyr. Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde şeýle ýazýar: «Ejem janyň h

Dogduk mekanym — Änewim

Halkymyzyň her bir guwandyryjy hem-de tolgundyryjy pursatlary göwün bilen baglap, «Göwnüm galkyndy», «Göwnüm ganat baglady» diýmesi bar. Bu jümleler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her birimiziň zybanymyzyň senasyna öwrüldi. Neneň şeýle bolmasyn?! Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine bolan sarpany, şu gününe bolan buýsanjy, geljegine bolan ynamy berkidýär. Şeýle şanly wakalaryň biri hem Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly», şeýle hem bu ýylda gadymy Änew şäherini «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmegidir. Hawa, bu ýylda birbada iki mukaddesligiň mertebelenmegi uly döwletliligiň nyşany. Onuň bir tarapynda ruhy mirasymyz, beýleki tarapynda bolsa taryhy-medeni gymmatlygymyz bar. Bu iki gymmatlyk goşa dide, goşa tar mysaly, biri-biriniň üstüni ýetirip, halkymyzyň baý ruhy, uzyn ömri, bagtly döwri bilen sazlaşýar. «Ata Watan, ene toprak» diýen düşünjeleriň many-mazmun çägini barha giňeldýär.

Bahar gelse äleme...

Güller öwşün atyp, baglar pyntyk ýaryp, owlak-guzular owadan sähralyklarda aga-ýana otlaşyp ýörkä, halkymyz ýene bir toýy — Milli bahar baýramyny şowhunly garşylaýar. Täze ýylyň, täze günüň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýramçylykda gyz-gelinler tebigat bilen bäs edýän owadan lybaslary bilen meýdana çyksalar, çagalar şol gün milli oýunlary oýnap, owlak-guzulary synlap, göwünlerini hoşlaýarlar. Baýramçylyk gününiň toý saçagyny dänäniň ýedi görnüşinden taýýarlanan milli tagamlar bilen bezemek gelin-gyzlaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrýar. Nowruz gününde ak bugdaýdan nowruz ýarmasy, ak jöwenden nowruz köjesi, tüwüden, mäşden, noýbadan dürli tagamlar taýýarlanylýar. Emma gelin-gyzlar semeni taýýarlamak üçin birnäçe gün öňünden taýýarlyk görmeli bolupdyr. Olar ýalpak gaplarda bugdaý ekip, onuň gögermegine garaşypdyrlar. Dürterip çykan ýaşylja maýsalara ilkinji bolup gözi düşen gyzlar, gelinler ýüreklerinde göterýän arzuw-hyýallarynyň hasyl boljakdygyna ynanypdyrlar. Eger bugdaý endigan gögeren bolsa, onda ýylyň bereketli, hasylly geljekdiginiň alamaty hasaplanypdyr. Maşgalanyň bugdaýly, bereketli bolmagy yrym edilip, ýaşajyk maýsa baldaklary öýlerden asylyp goýlupdyr.

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda açyklyk, aýdyňlyk we giň bäsdeşlik esasynda, ählihalk derejesinde agzybirlikde geçirilen Prezident saýlawlarynda ynamly ýeňiş gazanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişen günüňiz mynasybetli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli tagallalaryňyzyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 19-njy mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz öz adyndan hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlady.