Bahar gelse äleme...

20 Mart 2024
577

Güller öwşün atyp, baglar pyntyk ýaryp, owlak-guzular owadan sähralyklarda aga-ýana otlaşyp ýörkä, halkymyz ýene bir toýy — Milli bahar baýramyny şowhunly garşylaýar. Täze ýylyň, täze günüň başlanýandygyny alamatlandyrýan baýramçylykda gyz-gelinler tebigat bilen bäs edýän owadan lybaslary bilen meýdana çyksalar, çagalar şol gün milli oýunlary oýnap, owlak-guzulary synlap, göwünlerini hoşlaýarlar. Baýramçylyk gününiň toý saçagyny dänäniň ýedi görnüşinden taýýarlanan milli tagamlar bilen bezemek gelin-gyzlaryň baýramçylyk şatlygyny artdyrýar. Nowruz gününde ak bugdaýdan nowruz ýarmasy, ak jöwenden nowruz köjesi, tüwüden, mäşden, noýbadan dürli tagamlar taýýarlanylýar. Emma gelin-gyzlar semeni taýýarlamak üçin birnäçe gün öňünden taýýarlyk görmeli bolupdyr. Olar ýalpak gaplarda bugdaý ekip, onuň gögermegine garaşypdyrlar. Dürterip çykan ýaşylja maýsalara ilkinji bolup gözi düşen gyzlar, gelinler ýüreklerinde göterýän arzuw-hyýallarynyň hasyl boljakdygyna ynanypdyrlar. Eger bugdaý endigan gögeren bolsa, onda ýylyň bereketli, hasylly geljekdiginiň alamaty hasaplanypdyr. Maşgalanyň bugdaýly, bereketli bolmagy yrym edilip, ýaşajyk maýsa baldaklary öýlerden asylyp goýlupdyr.

Amangül NURMYRADOWA,
«Zenan kalby».